Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady.
Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.
Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz ABŞ-nyň örän meşhur şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň we dramaturglarynyň biri Längston Hýuz barada.
Jeýms Merser Längston Hýuz 1901-nji ýylda ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Joplin şäherçesinde dogulýar. Hýuz amerikaly şahyr, ýazyjy we dramaturg. Ol medeni «Garlem Galkynyş» döwrüniň esasy we täsirli ýazyjylarynyň biri hem-de «jaz şygryýetini» açyjy hökmünde bellidir.
Längston Hýuz çagalyk ýyllaryny Kanzas ştatynyň Lorens şäherinde geçirýär. Şol ýyllaryň durnuksyzlygy sebäpli onuň çagalygy bagtly däldi, ýöne, eýýäm şonda Längston şahyr hökmünde döräp başlapdy. Biraz soňra Hýuz Linkolnda ýaşaýar. Längston mekdepde öz synpynyň şahyry hökmünde saýlanýar. Okuwyň dowamynda Längston mekdep gazetinde işläpdir hem-de gündelik neşiriň redaktory bolupdyr we eýýäm şonda özüniň ilkinji goşgularyny, hekaýalaryny we pýesalaryny ýazyp başlapdyr.
Jaz şygryýeti ugrunda onuň ilkinji goşgusy «When Sue Wears Red» («Haçanda Sýu gyrmyzy geýende») mekdep okuwçysy wagtynda ýazylypdyr. Bu Längston kitap okamak bilen gyzyklanan wagtynda bolupdy. Soňra ol Kolumbiýa uniwersitetinde oňat bahalar bilen okamaga başlaýar, ýöne 1922-nji ýylda okuwdan gitmäge mejbur bolup, ol ýene-de goşgy ýazmaga gaýdyp gelýär.
Uzak wagtlap Hýuzyň hemişelik işi bolmandyr. 1923-nji ýylda ol «Malone» gämisiniň ekipažynyň düzümine giripdir we şonda alty aý bolup, Günbatar Afrikadan Ýewropa çenli syýahat edipdir. 1924-nji ýylyň noýabrynda Hýuz Watanyna dolanypdyr hem-de ejesi bilen bilelikde Waşingtonda ýerleşipdir. Oksfordda Hýuz ynsanperwer ylymlaryň bakalawry derejesini alypdyr. Bir ýyldan soň, onuň ilkinji romany çap edilýär. Şol eseri üçin ol ýörite baýrak alypdyr.
1932-1933-nji ýyllarda wekiliýetiň düzüminde Hýuz Türkistana gidip, şol ýerde bökdençsiz gezmäge mümkinçilik alyp, Orta Aziýa Respublikalarynda eli fotoapparatly ilkinji amerikaly bolupdyr. Türkmenistanda bolmak bilen ol öz eserlerinde türkmen halkynyň myhmansöýerligi hem-de onuň gadymy taryhy barada ýazypdyr. Hýuzyň türkmen halkynyň ekerançylyk däpleri we oba durmuşy baradaky makalasy okyjylar tarapyndan oňat kabul edilipdir. Ol Aşgabat şäherinde we gadymy Merwde bolup görüpdir. Hýuz Garagum çöli barada hem goşgy ýazypdyr.
Längston Hýuz 1967-nji ýylda aradan çykýar.
Häzir Längston Hýuzyň bütin ömründe jemi näçe goşgy ýazandygyny bilmek mümkin däl, çünki onuň şygyrlarynyň käbirleri edebi işlerine girizilmän ýa-da şahyrana ýygyndyda çap edilmän bilendir. Şeýle-de bolsa Hýuz örän dürli žanrlarda: şygryýetde, roman ýazmakda, awtobiografik prozada, hekaýa, pýesa ýazmakda örän baý miras galdyrypdyr.
Ömrüniň dowamynda Längston Hýuz köp sanly sylaglary, şol sanda birnäçe stipendiýalary we hormatly derejeleri alypdyr.