Aşgabatda howa we agro-ekologiki maliýeleşdirme boýunça maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga geljekki hyzmatdaşlar hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň ýanyndaky Ylmy-habarlar merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň we ýer serişdeleri pudagynda ýerli bilermenleriň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda tokaý hojalygyna, oba hojalygy ekologiýasyna, oba hojalygy önümçiligine, oba hojalygy ýerleriniň duzlardan arassalanmagyna, balykçylyga we howanyň gün tertibine maýa goýýan maliýe guramalary, ýöriteleşdirilen gaznalar barada maglumat berildi.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa üçin Sebit bölüminiň Daşky gurşaw boýunça bilermeni, esasy çykyş eden hanym Iwetta Zenina, howanyň üýtgemegine garşy agroekoulgamyň durnuklylygyny ýokarlandyrmakda guralan ýakyn hyzmatdaşlyk üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türkmenistanyň Hökümetine öz hoşallygyny aýtdy.
Meýilnamalarda Türkmenistan bilen Ýaşyl howa gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge kömek etjek çäreleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.