Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermen-işgärleri ýylsaýyn iş gatnaşyklarynyň çägini giňeldýärler.
Ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň analitiklerine Polşanyň Strategiki barlaglar merkezinden kärdeşleri geldiler. Indi bolsa italiýaly hünärmenler Türkmenistana geldiler. Aşgabatda bolmagynda meýilleşdirilen çärelerde myhmanlaryň ýanynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Luiji Ferrari boldy. Ol, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň kärdeşleri bilen geçirilen duşuşykda italiýaly alym-bilermenleriniň köp adamly toparyna ýolbaşçylyk etdi.
Jenap ilçi öz giriş sözünde italýan alym-professorlarynyň bu saparynyň ozal geçirilen «Italiýa – Merkezi Aziýa» ministrler maslahatynyň çäreleriniň dowamydygyny aýtdy. Myhmanlar Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky halkara gatnaşyklarynyň toplumy: ykdysady meseleler, energiýa çeşmeleri, oba hojalygy, suw meselesi bilen gyzyklandylar. Şeýle bolsa-da, professor Filippo Kosta Buranelliniň duşuşykda aýtmagyna görä, bilim, hususan-da ýokary okuw mekdeplerinde talyplara bilim berlişi olar üçin ileri tutulýan temadyr.
Myhmanlary gyzyklandyrýan sowallara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Agöýliýewiç Şiriýew jogap berdi. Ol myhmanlara institutda golaýda döredilen merkeziň işi barada myhmanlara gysgaça habar berip, italýan hünärmenlerini gyzyklandyrýan sowallaryň ählisinde jikme-jik durup geçdi.
Bilermenleriň şeýle duşuşyklarynda bolşy ýaly, söhbetdeşlik aýanlyk we geljekki işewür gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma ruhunda geçdi. Türkmenistanly we italiýaly bilermenler degişli resminamalara gol çekenden soň gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar.