Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynda geçen «Bitewi suw» sammitinde çykyş etdi.
Bu, ýurdumyzyň täsin tebigy baýlyklara, biodürlülige eýe bolan we şol bir wagtyň özünde çynlakaý howply ekologik we howa zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky başlangyjy iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli edýän jogapkärli tagallalarynyň netijesidir.
Ştab-kwartirasy Aşgabatda boljak Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek boýunça bilelikdäki çäreler iri halkara meýdançalarda we duşuşyklarda, şol sanda 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropadaky bölüminiň müdiri bilen geçirilen gepleşiklerde-de birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşylypdy. 2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň daşky gurşaw maksatnamasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek Ähtnamasy bu başlangyjy iş ýüzünde durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
Bu resminamanyň çäginde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biri hökmünde Türkmenistana we Merkezi Aziýa döwletlerine howa tehnologiýalaryny çekmek üçin düzülen sebitleýin maksatnamalary, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde innowasiýalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar göz öňünde tutulypdyr. Ähtnama, mundan başga-da, howa bilen baglanyşykly iň täze tehnologiýalar we çözgütler barada bilim alyşmak boýunça birnäçe çäräni öz içine alýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sammitde eden çykyşynda howanyň üýtgemeginiň suw çeşmeleri bilen baglanyşykly kynçylyklara täsirini belläp geçdi. Nygtalyp geçilişi ýaly, howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, buzluklaryň kiçelmegi we ygalyň düzüminiň üýtgemegi diňe bir uýgunlaşmagy däl, eýsem, bilelikdäki gyssagly çäreleri hem talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň ýerliginde Türkmenistanyň beýleki möhüm sebit başlangyçlaryny hem ýatlady. Bu, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde dile getirilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda bolmak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak boýunça sebit geňeşini döretmek we BMG-niň Amyderýa hem Syrderýa boýunça konwensiýalaryny kabul etmek işini çaltlaşdyrmak baradaky teklipdir. BMG-niň Sebit Geňeşi Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda suw hojalygyny dolandyrmak, sebitdäki pudaklaýyn gurluşlaryň arasynda özara gatnaşyklary guramak we suwdan peýdalanmagyň kanuny esasyny işläp düzmek boýunça çäreleri sazlamak bilen meşgul bolar.
Türkmenistanyň ýene bir başlangyjy BMG-niň Aral deňziniň basseýni boýunça ýörite maksatnamasynyň işlenip düzülmegi we bütindünýä ähmiýete eýe bolan Aral meseleleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň aýratyn iş ugruna degişli edilmegi bilen baglanyşyklydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki karary: Birleşen Milletler Guramasy bilen Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasynyň (ESKATO) «Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» kararlary Aral boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyň esasy bolup durýar. Bu möhüm resminamalary ýatlatmak bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň durmuşa geçirilmeginiň Aral boýunça ähli halkara işleriň kesgitleýji ugurlarynyň birine öwrülmegini goldady. Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznasy we Gaznanyň döwletara sazlaýjy suw hojalygy komissiýasy ýaly sebitleýin gurluşlaryň işi diňe bir gaznanyň agza döwletleriniň ýardamyna däl, eýsem, giň ulgamlaýyn halkara goldawa esaslanmalydyr.
2024-nji ýylyň 30-njy noýabry – 1-nji dekabrynda Aşgabatda Aral deňziniň basseýni ýurtlary üçin BMG-niň ýörite maksatnamasynyň döredilmegine bagyşlanan ESCATO sebitleýin maslahat duşuşygynda häzirki ösüşe baha berildi we sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirjek täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy, Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň maksatnamasynyň şertlerine, formatlaryna we gurluşyna garaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça mundan beýläkki çäreler barada ylalaşyldy. Kabul edilen resminama 2025-nji ýylyň 21 – 25-nji aprelinde ESCATO-nyň Bangkokda geçiriljek 81-nji sessiýasynda görkeziler.