Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň IVLP maksatnamasyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň IVLP maksatnamasyna gatnaşýar

view-icon 1333

Türkmenistanyň wekiliýeti 2-nji dekabrdan 20-nji dekabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň International Visitor Leadership Program (IVLP) maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän «Ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak: hyzmatdaşlyk we täjirçilik» atly okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolýarlar.

Çärä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Maksatnama Waşingtondaky halkara bilim institutynyň binasynda badalga berlip, şol ýerde çärä gatnaşyjylaryň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hünärmeni Çikita Jekson, halkara bilim institutynyň maksatnamasynyň ýolbaşçysy Kris Hill we maksatnamanyň utgaşdyryjysy Siýerro De Palmo bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diňleýjiler okuw maksatnamanyň mazmuny bilen giňişleýin tanyşdyryldy, gatnaşyjylaryň islegleri göz öňünde tutulyp, çäreleriň maksatnamasyna üýtgetmeleri girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem olara has jikme-jik tanyşmak maksady bilen çykyş etmek üçin mümkinçilik döredildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary wekilçilik edýän edaralarynyň alyp barýan iş ugurlary hem-de geljek üçin öňde goýlan wezipeler barada amerikan tarapyna giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda ABŞ-nyň döwlet gurluşyna çuňňur düşünmek üçin Amerikan uniwersitetiniň professory Diana Lowental federalizm temasy boýunça brifing geçirdi. Onda ABŞ-nyň döwlet dolandyryş ulgamy, hususan-da, federal hökümet (merkezi hökümet) bilen aýratynlykdaky ştatlaryň arasynda häkimiýetiň bölünilişi barada giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle ulgamyň ştatlara özbaşdak hereket etmegiň belli bir derejesini saklamaga we öz serhetleriniň çäklerinde tutuş ýurda täsirini ýetirmeýän ençeme meselelere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şeýle hem ýurduň saýlaw ulgamynyň aýratynlyklaryna garaldy. Duşuşygyň esasy böleginiň okuw häsiýetlidigine garamazdan oňa gatnaşyjylar içgin pikir alyşmalaryň bolandygyny bellediler.

International Visitor Leadership Program (IVLP) maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hünärli işgärleri alyşmakdaky esasy maksatnamadyr. Birleşen Ştatlara gysga möhletli saparlaryň netijesinde daşary ýurtlaryň häzirki hem-de geljekde mümkinçiligi boljak liderleri dürli ugurlarda öz tejribeleri arkaly ýurt bilen tanyşýarlar we amerikaly kärdeşleri bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürýärler. Duşuşyklar olara gatnaşyjylaryň hünär derejesindäki gyzyklanmalaryny beýan edýär hem-de Birleşen Ştatlaryň daşary syýasy maksatlaryny goldaýar.