Ï Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

view-icon 1700
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolandygy aýratyn bellenildi. Munuň şeýledigi gadymy, orta asyr alymlarynyň ylmy işlerinde hem tassyklanylýar. Saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan toplanan baý arheologik tapyndylar hem muňa güwä geçýär. Bu maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly düýpli eseriniň ylmy binýady bolup hyzmat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynda-da Beýik Ýüpek ýoly we onuň ähmiýeti barada gyzykly maglumatlaryň bardygyny nygtamak gerek. Onda ata-babalarymyzyň uzak ýurtlar bilen ýola goýup başlan söwda gatnaşyklarynyň örän gadymy döwürleri öz içine alýandygy baradaky maglumatlara üns çekilýär. Bu eserde bellenilişi ýaly, hut şol döwürlerde, ýagny Goňurdepe eýýamynda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahalaryna öwrülen kerwen ýollary döräp başlapdyr. Milli Liderimiz bu kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň mazmunyna siňen baý taryhymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmagyň bize goňşularymyz, alys ýurtlardaky dostlarymyz bilen dostana gatnaşyklary barha çuňlaşdyrmaga esas berýändigine ünsi çekýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda hem taryhy ähmiýetli mazmun beýan edilip, halklaryň durmuşynda Beýik Ýüpek ýolunyň eýelän ornuna göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu kitaby dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň beýik medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmekde we ony aýawly saklamakda, giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda gadymy mirasy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi nygtaldy. Milli mirasy gorap saklamak ulgamynda ÝUNESKO bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek daşary syýasatymyzyň aýrylmaz bölegidir. Bu ugurdaky işler kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” wajyp ähmiýeti bardyr.

Daşary ýurtlaryň bilermenleri birinji umumy mejlisde Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň mirasy bilen bagly ugurdaş desgalary ilkinji gezek ýüze çykarmak, gorap saklamak we dolandyrmak boýunça milli derejede edilýän tagallalar bilen tanyşdyrdylar. “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky mirasa düşünmek” atly ikinji umumy mejlisdäki çykyşlarda şu gezekki duşuşygyň bu geçelgäni ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin bilermenler derejesinde hödürnamany taýýarlamak işini maslahatlaşmagy dowam etdirmäge gönükdirilendigi aýratyn bellenildi.

Ýygnananlar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, şeýle duşuşyklar tejribeleri we bilimleri alyşmaga, bilermenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, bilelikdäki barlaglary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Maksatnama laýyklykda, “Mirasyň obýektlerini öwrenmek we dolandyrmak işinde häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak we Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak”, “Hazar — Wolga geçelgesiniň hödürnamasynyň düzülişiniň “Ýol kartasy” atly umumy mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatlaşmalaryň dowamynda gatnaşyjylara hödürnamany düzmekde deňeşdirme seljermelerini geçirmäge we suwasty mirasyň ähmiýetine baha bermäge, uzakdan zondirlemek, tebigy meýdan barlaglaryny geçirmek ýaly öňdebaryjy usulyýetleri ulanmagyň zerurlygyna garamaga mümkinçilik döredilýär. Sebitdäki ýerüsti we suwasty arheologik desgalary öwrenmekde hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň hödürnamasyny taýýarlamak üçin “Ýol kartasynyň” üstünde işlärler.

Duşuşygyň maksatnamasyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, açyk asmanyň astyndaky muzeý bolan Köne Nusaý ýadygärligine gezelenç meýilleşdirilýär. Bu gadymy ýadygärligiň bütindünýä sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň desgalarynyň ýokary gymmatlyga eýediginiň dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.