Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň sungatyň ähli görnüşleri boýunça işleriniň sergisi açyldy.
Işleriň mowzugy – Magtymguly Pyragy. Suratçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, keramika, zergärçilik we fotosurat boýunça taýýarlanan 337 eser sergi merkeziniň iki gatyny-da eýeledi.
Sergä gelenleri Möjek Çaryýewiň «Tebigat» atly tebigatyň gözelligini suratlandyrýan eseri garşy aldy. Awtor öz işinde zähmetsöýer halky bolan bu ajaýyp künjegiň, ýagny Köpetdag etekleriniň ajaýyplyklaryny görkezipdir. Bu ajaýyp görnüş – türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyr bilen wasp eden uly Watanynyň kiçijek bir parçasy.
Şu ýylyň iň uly we syýasy wakasy – Magtymgulynyň ägirt uly ýadygärliginiň açylmagydyr. Bu ýadygärligiň gurnalyşynyň fotoenjama alynmagynyň özüniň-de sungat eseri bolmagy bellenmäge mynasypdyr.
Magtymgulynyň galam bilen çekilen deňsiz-taýsyz portretini Çingiz Töräýew «Gidiş» suratynda görkezipdir. Awtor suratyna iki sany gözgi goýupdyr. Ähtimal, Çingiz Töräýew tomaşaçylaryň Magtymgulynyň döredijiliginde öz keşbini görüp bilmegini isländir.
Berdiguly Amansähedowyň «Magtymgulynyň şygryýeti» atly triptihi – üçli suraty, megerem, tomaşaçylarda iň uly täsir galdyran surat bolsa gerek. Şol bir mowzuk bilen birleşdirilen üç suraty nakgaş sýurrealizm uslybynda ýerine ýetiripdir.
Şekilleri synlap we olaryň manylaryny ýormaga synanyşyp, bu suratlaryň ýanynda sagatlap durmak mümkin.
Gahryman Goçmyradow «Tans» atly suraty görkezdi. Modern uslybynda parlak mozaika tegmilleri görnüşinde ýerine ýetirilen surat özüniň janly ýalylygy bilen ünsi çekýär we seredene şatlyk bagyş edýär. Suratkeş şu uslypda birnäçe iş döredipdir, olaryň ählisi-de – tomaşaçylaryň göwnünden turdy.
Amaly-haşam işlerden Altynjemal Baýlyýewanyň çalymtyl mele reňkli gülgünräk öwüşginli relýef usulynda ýerine ýetirilen gobeleni sergini synlamaga gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy. Gobeleniň ýanymyzda duran awtory bu eserini Magtymgulynyň «Türkmeniň» goşgusyndaky «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy, Çöl üstünde öser ýeli türkmeniň» setiriniň täsiri astynda döredendigini gürrüň berdi. Altynjemal gobelende tolkunlaryň möwjüni aňňat-aňňat gum depeleriniň bolşy bilen birleşdiripdir.
Keramikaçy Gülara Babaýewa bolsa Magtymgulynyň şygryndaky «Bölek-bölek kepderiler» söz düzümi täsir edipdir. Bu sözler Gülarany çalymtyl-mawy reňkli gaplaryň toplumyny döretmäge iteripdir. Awtor bu toplumyň çeper bezeginde Köpetdagdan aşyp barýan Aýy, Ak bugdaý etrabynyň tebigatynyň gözelligini we Änew metjidini şekillendirende, milli uslybyň şekillendiriş sungatynyň häzirki zaman žanrlary bilen eklektikasyny ulanypdyr.