Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen filosofiýa boýunça I halkara olimpiadasynyň hem-de ykdysadyýet boýunça I halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini yglan etdi.
Ykdysadyýet boýunça olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 2-sinden talyplaryň 349-sy hem-de daşary ýurtlaryň 9-syndan, şol sanda Bolgariýanyň, Kambojanyň, Kipriň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Taýlandyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 46-syndan talyplaryň 396-sy gatnaşdylar.
Türkmen talyplary bu olimpiadada ýokary netijeleri görkezip, 31 altyn, 126 kümüş hem-de 120 bürünç medallary eýelediler.
Özbegistanyň, Kipriň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň we Kambojanyň talyplary 28 altyn, 35 kümüş, we 51 bürünç medallara mynasyp boldular. Baýraklaryň has köp bölegini Özbegistandan bolan talyplaryň eýeländiklerini bellemek gerek.
Filosofiýa boýunça olimpiada Türkmenistanyň 22 ýokary okuw mekdebinden 365 talyp we daşary ýurtlaryň 15-sinden ýokary okuw mekdepleriň 33-siniň 108 talyplary gatnaşdylar. Daşary ýurtlaryň hatarynda Russiýa, Belarus, Gyrgyzystan, Özbegistan, Rumyniýa, Taýland, Türkiýe, ABŞ, Bolgariýa, BAE, Kamboja, Kipr, Gresiýa we Ýaponiýa bar.
Bu olimpiadanyň netijeleri türkmen talyplary 36 altyn, 63 kümüş we 129 bürünç medallara mynasyp boldular. Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Taýlandyň, Kambojanyň we Türkiýäniň talyplary 16 altyn, 6 kümüş we 8 bürünç medallary eýelediler.
Olimpiadalar sanly ulgam arkaly şahsy görnüşde bir tapgyrda geçirildi. Intellektual gözden geçirilişlere gatnaşyjylar iki ugur boýunça: A (taýýarlygyň dürli ugurlarynyň talyplary) hem-de B (ykdysadyýet we filosofiýa boýunça ýöriteleşmedik talyplar) çykyş etdiler.
Halkara olimpiadalar ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek, olary hünärlere ugrukdyrmak hem-de olaryň intellektual taýdan ösmegi üçin oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirildi.