Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti dünýä uniwersitetleriň «UI GreenMetric» halkara görkezijisiniň täze neşiriniň netijeleri boýunça geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 104 orun ýokary galyp 328-nji orny eýeledi.
Görkezijide uniwersitetleriň netijesi olaryň durnuklylygynyň görkezijileriniň altysy: «Infrastruktura we bina», «Energiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek», «Galyndylary dolandyrmak», «Suw serişdelerini dolandyrmak», «Ekologiýa taýdan arassa ulag», «Bilim we ylmy barlaglar» boýunça toplanan ballaryň esasynda kesgitlenilýär.
Bu görkezijiler boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti jemi 7400 ball toplady, şonuň netijesinde halkara görkezijisinde eýeleýän ornuny ep-esli gowulandyrdy.
«UI GreenMetric» – uniwersitetleriň her ýyl geçirilýän halkara görkezijisi bolup, ekologiýa taýdan ýaramaz täsirleri azaltmak boýunça, şeýle hem durnukly ösüş babatda bilim we barlaglar ugry boýunça olaryň tagallalaryny beýan edýär. Halkara görkezijisi 2010-njy ýylda Indoneziýanyň uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdeplerde durnuklylygy öňe ilerletmek hem-de olaryň arasynda deňeşdirmek mümkinçiligini üpjün etmek üçin herekete girizildi. Şondan bäri oňa gatnaşyjylaryň sany artdy, baha bermegiň usulyýeti bolsa gatnaşýan uniwersitetleriň seslenmeleriniň esasynda kämilleşdirildi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, ekologiýa howpsuzlygy baradaky meselelere jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Şu wezipeleri çözmek maksady bilen ýokary okuw mekdepde yzygiderli esasda ylmy barlaglar, bilim hem-de beýleki çäreler geçirilýär.
«UI GreenMetric World University Ranking» neşiriniň setirlerinde uniwersitetiň gazanan ýokary netijesi tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, gorap saklamak we täzeden dikeltmek ulgamynda, şeýle hem döwletimizde möhüm wezipeleriň biri bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda onuň alyp barýan işiniň üstünlige beslenýändigini şöhlelendirýär.
Türkmenistan Durnukly ösüşe, daşky gurşawy goramaga hem-de ählumumy derejede tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen birnäçe halkara ylalaşyklara we konwensiýalara işjeň gatnaşyp, öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmegi maksat edinýär.