Ï Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy

view-icon 152

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim ulgamynda Innowasion tehnologiýalar festiwaly geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, hünärmenleriniň, ylmy-terbiýeçilik işgärleriniň gatnaşmagynda bolup geçdi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi festiwalyň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Innowasion tehnologiýalar festiwalynyň çäklerinde bilim ulgamyndaky sanly tehnologiýalar babatda gazanylan ajaýyp üstünlikler giňden görkezildi. Milli bilim ulgamynyň wekilleri bilelikdäki tematiki maslahatlara gatnaşmaga, bilimi sanlylaşdyrmak ugrunda tejribe alyşmaga hem-de bilim işinde täze tehnologiýalary ulanmak mümkinçiliginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik aldylar.

Mundan başga-da, festiwalyň geçirilmegi mugallymlaryň we hünärmenleriň maglumat tehnologiýalar hem-de kiberhowpsuzlyk ulgamynda ylmy we taslama işlerini giňeltmäge gyzyklanmalaryny höweslendirmek üçin netijeli gural bolup hyzmat etdi.

Innowasion tehnologiýalar festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden elektron okuw toplumlary bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşik şu ýylyň iýul aýyndan noýabr aýy aralygyndaky döwürde dowam etdi hem-de üç ugur: tehnologiýa we ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary, medeniýet we sungat, saglyk we sport, takyk we tebigy ylymlary boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki ordinatory Gojuk Gurbanow hem-de Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Didar Muhammedow 1-nji orny eýelediler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy Döwletgeldi Ýusupow we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Suraý Maşaýewa 2-nji orny paýlaşdylar.

3-nji orna bäsleşige gatnaşyjylaryň üçüsi mynasyp boldular. Olar – Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Nurýagdy Gylyjow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň uly mugallymy Ejegül Öwezgeldiýewa.

Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Mundan başga-da, ýurtda sanly bilimiň ösdürilmegine aýratyn goşant goşan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, hünärmenlerine hem-de talyplaryna Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.