Ï Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi geçirilýär

view-icon 156
Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi geçirilýär

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi başlandy. Çäräniň dabaraly açylyşyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani gatnaşdy.

Ol umumy gymmatlyklar we däp-dessurlar bilen badaşan iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Çäräniň dowamynda Eýran wekiliýetiniň agzalary Türkmen döwlet gurjak teatrynyň muzeýine sowgat önümlerini ýadygärlik berdiler. Öz gezeginde teatryň işgärleri hem Eýran medeniýetiniň göçme muzeýiniň işgärlerine milli türkmen lybasly gurjaklary sowgat berdiler.

Çykyş maksatnamasyny Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň baýdaklary bilen sahna çykan kiçijek artistler açdy, olar şeýtmek bilen, iki halkyň arasynda medeni alyş-çalşygyň dowam edýändigini alamatlandyrdylar. Paýtagta gelen myhmanlar çagalary halk sungatynyň baýlygyny görkezýän adaty eýran gurjak gahrymanlary bilen tanyşdyrdylar.

Adaty bolmadyk oýundan soň ýaş tomaşaçylar Eýran medeniýetine we parahatçylyga bagyşlanan halkara muzeýiň göçme sergisi bilen tanyşdylar. Sergide ussatlaryň milli uslypda döreden dürli ýurda degişli gurjaklary bardy.

Çöp gurjaklarydyr ýüz örtügini ulanýan Eýran gurjak teatry aýratyn ünsi özüne çekdi. Dürli duýgulary we häsiýetleri görkezip bilýän manyly ýüzleri bolan çemçe şekilli gurjaklar Eýran gurjak däbiniň iň gyzykly elementlerinden biridir.

Çemçe ulanmak bilen görkezilýän oýunlara köplenç saz we halk ertekileri hemra bolýar, bu bolsa olary ähli ýaşdaky adamlar üçin özüne çekiji edýär. Bu çykyşlar Eýran medeniýetiniň baýlygyny we dürlüligini görkezýär, şeýle hem häzirki zaman dünýäsinde halk däp-dessurlarynyň saklanmagyna goşant goşýar.

Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi 18-nji dekabra çenli dowam eder. Çäräniň çäginde ussatlyk dersleri geçiriler. Bu derslerde çagalar surat çekmek, senetçilik, keşde gaýamak we gurjak ýasamak sungatyny özleşdirip bilerler. Giriş hemmeler üçin tölegsizdir.

Çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeni merkezi bilen bilelikde gurady. Eýran wekiliýetiniň agzalarynyň belleýşi ýaly, muzeýiň wezipesi parahatçylyk we dostluk alamatyny bütin dünýä ýaýmak, şeýlelik bilen halkara gatnaşyklary hem halklaryň özara düşünişmegini pugtalandyrmakdyr.