Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Diplomatik akademiýasynda okuw saparynda boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Diplomatik akademiýasynda okuw saparynda boldular

view-icon 395
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Diplomatik akademiýasynda okuw saparynda boldular

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldamagynda gurnalan BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda (AGDA) «Ählumumy baglanyşyklar: Birleşen Arap Emirlikleriniň syýasat, medeniýet we ykdysadyýet ulgamynda diplomatik taýýarlyk» okuwyny geçdiler.

Okuwyň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar, howanyň üýtgemegi, BAE-niň medeni we ykdysady geljegi ýaly dürli temalar boýunça okuw sapaklary geçirildi. Okuwyň birinji güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri doktor Said Al Şamsiniň BAE-niň taryhy we medeniýeti baradaky umumy sapagyny diňlediler. Ondan soň Diplomatik akademiýanyň ylmy işgäri Mustafa Baýumi howanyň üýtgemegi (COP netijeleri) barada çykyş etdi. Okuw döwründe Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar syýasaty bölüminiň ýolbaşçysy Obaid Al Dhanhani we AGDA-nyň uly ylmy işgäri doktor Sara Çehab BAE-niň daşary syýasaty we ykdysadyýeti barada çykyş etdiler.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde türkmenistanly myhmanlar Abu-Dabidäki taryhy ýerlere we muzeýlere baryp gördüler. Ýatdan çykmajak gezelençler maksatnama gatnaşyjylara BAE-niň medeni köpdürlüligine düşünmäge mümkinçilik berdi. Abu-Dabiniň Luwr sungat muzeýi, Kasr Al Watanyň we Kasr Al Hosnyň prezident köşgi ýaly özygtyýarly BAE-niň kemala gelmeginde hem-de baý medeniýetinde ähmiýetli wakalar bilen baglanyşykly ajaýyp ýerlere baryp görmek olarda uly täsir galdyrdy.

 Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameliniň gatnaşmagynda talyplar, şeýle hem Abu-Dabiniň «ADNOC» milli nebit kompaniýasyna baryp gördüler we BAE bilen söwda gatnaşyklarynyň häzirki ösüşi we geljegi hakda hem-de BAE-de maýa goýum mümkinçilikleri barada peýdaly maglumatlary diňlediler.

Bilim-tanyşdyrylyş maksatnamasy diňe bir türkmen talyplarynyň BAE-niň diplomatik protokoly, syýasaty, ykdysadyýeti we medeniýeti baradaky bilimlerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, talyplarda medeniýetara gatnaşyklar başarnyklarynyň ösmegine hem ýardam etdi. Okuwa gatnaşyjylar Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasyna we BAE-niň Anwar Gargaş Diplomatik akademiýasyna guran sapary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Taraplar bilim we diplomatiýa pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şeýle hem geljekde şeýle duşuşyklary guramaga taýýardyklaryny tassykladylar. 

2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda bu iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara bähbitlerden ugur alýan netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulandygyny bellemek gerek.