Ï Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň esasy üns berýän mowzugy seýsmik howplara baha bermekdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň esasy üns berýän mowzugy seýsmik howplara baha bermekdir

view-icon 141
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň esasy üns berýän mowzugy seýsmik howplara baha bermekdir

Aşgabatda «Seýsmik howplara baha bermek, bolup biljek ýer titremeleri öňünden bilmek we olara garşy iş alyp barmagyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň çäginde jemleýji maslahat bolup geçdi.

Bu taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda seýsmik howplara baha bermek we olary azaltmak boýunça geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmak bilen, seminara gatnaşanlar ýurduň ýer titreme howply sebitlerinde barlag geçirmegi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumynyň binýadynda halkara barlaghana döretmegi teklip etdiler.

Maslahatda BMGÖM-iň seýsmik howplar boýunça halkara geňeşçisi Sergeý Týagunow çykyş etdi. Ol taslamanyň çäginde degişli okuw sapaklaryny geçirmegi-de goşmak bilen, seýsmik gowşaklyga we howpa hemmetaraplaýyn baha bermek işiniň başynda boldy. Netijede, «Seýsmik howp» atly okuw kitaby işlenip düzüldi. Bu kitap ýurdumyzda degişli seýsmologiýa okuwlary üçin gymmatly bilim çeşmesi bolar diýlip garaşylýar.

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan Seýsmologiýa instituty we beýleki milli hyzmatdaşlar bilen Türkmenistanda seýsmologiýa we betbagtçylyk howpuny azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi. «Seýsmik howplara baha bermek, bolup biljek ýer titremeleri öňünden bilmek we olara garşy iş alyp barmak boýunça milli mümkinçilikleri artdyrmak» atly bilelikdäki taslamanyň 2018-nji ýylda başlanandygyny ýatladýarys.

Türkmenistanda ilkinji gezek Aşgabadyň seýsmik howpuna häzirki zaman usulyýeti ulanylmak bilen, giňişleýin baha berildi. Mundan başga-da, taslamanyň çäginde «Seýsmik howpsuzlygy üpjün etmek baradaky» Kanunyň taslamasy taýýarlandy. Bu Kanun Türkmenistanda betbagtçylyk howpuny azaltmak babatyndaky kanunçylyk binýadyny berkider.