Ï Ýewropanyň bilim taslamalary Türkmenistanda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropanyň bilim taslamalary Türkmenistanda

view-icon 408
Ýewropanyň bilim taslamalary Türkmenistanda

Ýewropanyň «Erazmus+» maksatnamasynyň Türkmenistandaky milli edarasy ýokary bilimi döwrebaplaşdyrmak, innowasion we ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreşde ýurduň ileri tutýan ugurlaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly bilim taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini sazlaýar.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň gatnaşýan sebitleýin «CirculEC» taslamasy başlandy. Taslama işgärlere, talyplara we ilat köpçüligine ýerli zähmet bazarlarynyň zerurlyklaryny hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan ekologiýa meselelerine laýyk gelýän endikleri we başarnyklary bermek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde aýlawly ykdysadyýet boýunça adam sermaýasynyň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. «CirculEC» taslamasy ýurduň strategiýasyny we maksatlaýyn toparlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýlawly ykdysadyýete geçiş üçin bütindünýä çarçuwaly maksatnama döretmek başlangyjyny işjeň öňe sürýär.

Taslama, şeýle hem oňa gatnaşýan her bir ýurduň zerurlyklarynyň çäginde ýokary okuw mekdepleriniň häzirki derslerini täzelemegi öz öňünde maksat edip goýýar. Taslamanyň çarçuwasynda döwrebap okuw meýilnamalary düzüler we halkara ülňülere laýyklykda, akademiki maksatnamalar täzelener. Taslama öz hyzmatdaşlarynyň hünärmenleriniň derejesini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar, Türkmenistan boýunça, hususan-da, Türkmen döwlet maliýe institutyndan alty mugallym we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan dört mugallym taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu ýokary okuw mekdepleriniň hersinden bir mugallym eýýäm taslamanyň göçme bölegini durmuşa geçirmäge gatnaşdy.

«CirculEC» taslamasy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady zerurlyklaryna laýyk geljek we halkara tejribesini görkezmegini üpjün etjek, okuw meýilnamasyna täzeden garamak we işläp düzmek arkaly bilimi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Onuň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary ähli taslama çärelerini durmuşa geçirmäge we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine işjeň goşant goşmaga hyjuwdan doly.

Ýewropanyň ýene iki sany täze sebitleýin taslamasy boýunça işe 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Bu «GDCAU» taslamasy – Merkezi Aziýa we ESGCA uniwersitetleri üçin ýaşyl şertnama – ekologik meselelerini, jemgyýetiň zerurlyklaryny çözmek we Merkezi Aziýada bilim hem iş üpjünçiliginde gowy dolandyryşy gazanmakdyr. Türkmenistanyň bu üç ýyllyk taslamalara gatnaşmagy ýurduň «ýaşyl» we «howa» gün tertibinde halkara hem sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar. Taslamalaryň maksatlary Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi pudaklarynda daşky gurşaw meseleleriniň, sosial zerurlyklaryň we gowy dolandyryşyň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek bilen baglanyşyklydyr.