Ï Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Kitap – bilimiň çeşmesi» atly bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Kitap – bilimiň çeşmesi» atly bäsleşigiň ýeňijileri sylaglandylar

view-icon 2278

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kitap okamak boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

«Kitap – bilimiň çeşmesi» diýen at bilen geçirilen bäsleşikde ýokary okuw mekdepleriň ýedisiniň talyplary baýrakly orunlary aldylar.

I orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplar topary eýeledi. 

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň toparlary II orun aldylar. 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary III orna mynasyp boldular. 

Täze ýylyň öňýanynda sylaglanyş dabarasynyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrak eýelerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň jemi 15-siniň talyplary gatnaşdylar. Her ýokary okuw mekdebe düzüminde 4 talyp bolan 1 topar wekilçilik etdi.

Talyplaryň toparlarynyň çykyşlaryna abraýly eminler adalatly baha berdiler. Eminleriň düzümine «Zenan kalby» žurnalynyň bölüm redaktory Ogulgözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow girdiler.

Bäsleşik talyplaryň okamaga bolan höwesini ösdürmek, ýaşlaryň arasynda okamagy wagyz etmek, ukyply, döredijilik taýdan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem beýik ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň edebi mirasyny wagyz etmek we ebedileşdirmek hem-de olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen geçirildi.