Ï «Halkara gatnaşyklarynyň teoriýasy» atly täze okuw kitaby çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Halkara gatnaşyklarynyň teoriýasy» atly täze okuw kitaby çap edildi

view-icon 2130
«Halkara gatnaşyklarynyň teoriýasy» atly täze okuw kitaby çap edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi bilen ýokary okuw mekdepleri üçin «Halkara gatnaşyklarynyň teoriýasy» atly okuw kitabyny neşir etdi.

Begenç Garaýewiň täze okuw kitaby diplomatiýanyň we halkara gatnaşyklarynyň ylmy nazaryýetine bagyşlanyp, «Halkara gatnaşyklary» maksatnamasyna laýyklykda taýýarlandy. 4 bapdan ybarat kitapda halkara gatnaşyklarynyň esasy düşünjeleri we taglymat esaslary, şeýle hem diplomatiýa ulgamynda ylmy gözlegleriň täze ugurlary giňişleýin beýan edilýär.

Mundan başga-da, okuw kitabynda halkara gatnaşyklary taglymatynyň esaslary we ugurlary, diplomatiýanyň kanuny esaslary, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklarynda tutýan orny, esasy paradigmalaryň manysy, halkara gatnaşyklar nazaryýetiniň logiki we ylmy esaslary berk ylmy görnüşde beýan edilýär.

Kitap halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ulgamynda geljekki hünärmenleri taýýarlamak üçin häzirki zaman talaplary göz öňünde tutulyp ýazyldy, ol ýörite ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge niýetlenildi.

Ýurtda diplomatiýa we halkara gatnaşyklary boýunça täze häzirki zaman okuw kitaplaryny taýýarlamak hem neşir etmek, ösüp gelýän türkmen diplomatlary üçin ýokary bilim ölçeglerini üpjün etmek, ýokary derejeli halkara hünärmenlerini taýýarlamak, ýurduň daşary syýasatyny hem-de häzirki halkara gatnaşyklaryny ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen amala aşyrylýar.