Ï Türkmen döwlet gurjak teatry çagalary Täze ýyl şowhunyna çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet gurjak teatry çagalary Täze ýyl şowhunyna çagyrýar

view-icon 684
Türkmen döwlet gurjak teatry çagalary Täze ýyl şowhunyna çagyrýar

Gyşky dynç alyş günlerinde Türkmen döwlet gurjak teatrynda çagalar we olaryň ata-eneleri üçin Täze ýyl tomaşalary geçirilýär. Erteki gahrymanlarynyň dünýäsi teatr eýwanynda janlanýar. 

Tomaşa zalynda rahat ornaşmazdan ozal çagalar Täze ýyl şowhunyna gatnaşarlar, owadan bezelen Täze ýyl arçasynyň daşynda döwre gurap aýlanarlar, galyberse-de, gyş baýramynyň baş gahrymanlary bilen köp garaşylýan duşuşyga gatnaşarlar. Gowusy, bar zady başdan gürrüň bereliň...

Hemişe bolşy ýaly, Mährem mama hiç kim aýdym aýtmaz, tans etmez ýa-da şatlanmaz ýaly çagalar baýramyny aradan aýyrmakçy bolýar. Çagalar baýramyna gelen erteki gahrymanlary şadyýan Şadyýanja we onuň kömekçisi bilen bilelikde gyňyr mamany öz tarapyna çekmäge kömek edýärler.

Düşbülik bäsleşikleri, hereketli oýunlar we çagalaryň şadyýanlygy ýakymsyz pursatlardan dynmaga kömek edýär. Aradan kän wagt geçmänkä Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk gelýär. Olar Täze ýyl arçasynyň çyralaryny ýakyp, hakyky jadyly baýram ruhuny döredýärler. Hatda gaharjaň Mährem mama hem barha ýumşaýar-da, saklanyp bilmän tans oýnaýar.

Çagalar amatly tomaşa zalyna çagyrylýar, şol ýerde «Altyn jüýje» ertekisiniň äheňinde tomaşa görkezilýär. Ýatda galyjy erteki gahrymanlary sahnada peýda bolýar, olar höwes bilen gyzykly hekaýatlary gürrüň berýärler. Körpe tomaşaçylar ertekiniň özüne çekiji ýordumlaryna gyzyklanyp tomaşa edýärler. 

Täze ýyl çykyşlary 2–10-njy ýanwar aralygynda her gün görkeziler. Sagat 12:00-da, 15:00-da we 18:00-da şadyýan Täze ýyl tomaşalary çagalara garaşýar. Petekler teatr kassasynda satylýar.