Ï Gadymyýetden galan sungat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymyýetden galan sungat

view-icon 735
Gadymyýetden galan sungat

Orta asyrlarda gadymy Ürgenjiň kaşaň binalarynyň bezeginde mimarlar binagärlik bezeginiň dürli görnüşlerinden we nusgalaryndan işjeň peýdalanypdyrlar.

«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde dürli döwürlerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň köpüsi Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine berildi. 

Olaryň arasynda pederlerimiziň küýzegärlik sungatynyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasy bolan dürli bezeg bölekleriň terrakota elementleri bar. Ösümlikler şekillendirilen guýma keramika we binagärlik syrçaly izrazes bäş, alty we sekizburç ýyldyz şekil dürli terrakota örtükleri owadanlygy we nepisligi bilen haýran edýär.

Gadymy Horezmiň mimarlarynyň-bezegçileriniň ajaýyp inçe sungaty köp sanly meşhur alymlaryň ünsüni özüne çekmegi tötänden däldir. Mysal üçin, W.I.Pilýawskiniň «Köneürgenç» monografiýasynyň köp bölegi Köneürgenç binalarynyň binagärlik bezegine bagyşlanýar. Alym olaryň geometrik ösümlik we epigrafik nagyşlaryny ýazyp beýan edýär.

Törebeg hanymyň aramgähinde ulanylan haşamly maýolika mozaikasy meşhur alym A.Y.Ýakubowskiniň işlerinde, B.P.Denikeniň «Orta Aziýanyň binagärlik bezegleri» işinde agzalýar. Ýeri gelende, abraýly hünärmenleriň köpüsiniň Törebeg hanymyň aramgähiniň örtüginde mozaika bezeginiň iň ýokary derejä ýetendigini aýdýarlar.

Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan dürli terrakota örtükleriniň arasynda çuňňur oýulan geometrik we ösümlik şekilleri, firuza syrça bölekleýin örtülen plitalar bar. «Kerwensaraý portalynyň» öň tarapy ýokary relýefli izrazeslar bilen örtülendir, ösümlik bezeginiň esasy elementleri we firuza syrçaly ýazgylar bar. Mundan başga-da, «Kerwensaraý portaly» ýadygärliginiň töwereginden dürli döwürlere degişli reňkli syrça örtülen kesme elementleri ýygnamak usulynda ýasalan mozaika izrazeslary tapyldy.

Beýleki awtorlaryň hem köp işi paýtagty gadymy Ürgenç bolan orta asyr Horezmiň binagärlik binalaryny öwrenmäge bagyşlanýar. Horezm ýadygärlikleri iňlis syýahatçysy G.Lansdelliň işinde beýan edilýär, meşhur arheolog we gündogarşynas M.E.Massonyň eserleri şu binalara bagyşlanýar. 

Gadymy Ürgenjiň ýadygärlikleriniň binagärlik bezegine köp ýyllarda geçirilen seljermeler Horezmiň binagärlik izrazes bezeginiň ösendigine, XIV asyrdan başlap, Nejim-ad-din Kubranyň, Törebeg hanymyň aramgähleriniň, «Kerwensaraý» ýadygärliginiň we beýleki ýadygärlikleriň bezeginde güýçli ösüşi göze ilýär, munuň özi bu ýerlere mahsus özboluşlylygy we däp-dessurlary bolan öz keramika mekdebiniň bolandygyna şaýatlyk edýär.