Ï Diňe kömelek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Diňe kömelek hakynda

view-icon 382
Diňe kömelek hakynda

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigaty we ülkäni öwreniş bölüminiň sergisiniň düzüminde täze diwarlyklar peýda boldy. Onda biziň ýurdumyzda tebigy ýagdaýda duşýan güberçek «telpekli» kömelekler hakyky ululykda we görnüşde görkezilipdir. Hakyky ölçeginde öndürilen bu kömelekleri muzeýiň çeper dikeldiş bölüminde gipsden we penoplastdan ýasapdyrlar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Galina Wlasenko şeýle düşündirýär:

Kömelekler adaty göze görünýäninden başlap, mikroskop arkaly görmelilerine çenli janly organizmleriň aýratyn bir şalygyny emele getirýär: XX asyryň ahyryna çenli, olaryň genetikasy, sitologiýasy we biohimiýasy barada maglumatlar toplanypdy, XXI asyryň başyna bolsa «kömelek» ylmy termini biologik ulgamlaşdyrma nukdaýnazaryndan organizmler toparyna öwrüldi. Kömelekleriň hemmesi sporalar – ownujak kömelek düwünçekleri tarapyndan köpelýär. Şol sporalardan şahalanyp gidýän inçe sapaklaryň çyrmaşygy görnüşinde kömelek köki ösýär, şol hem miwäni emele getirýär. Bularyň hemmesi kömelek ulgamynda ýer astynda ösýär we ýer ýüzüne eýýäm emele gelen şekilde çykýar.

Olaryň ýerüsti ömri gaty gysga – 2-3 gün, ýöne kömelek köki örän uzak ýaşaýar, onuň ýaşy çärýek asyra ýetip biler. Käbir güberçek kömelekler iýilýär – olaryň düzüminde beloklar, şeker, mineral duzlar hem fosfor kislotasydyr witaminler bar. Tebigatda mikromisentleriň işiniň ähmiýeti gaty uludyr. Mikroskopik toprak kömelekleri ösümlikleriň galyndylaryny dargadýar, organiki maddalaryň emele gelmegine ýardam edýär, topragyň hasyllylygyny artdyrýar we ösümlikleri ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Kömelekleriň köpüsi käbir agaçlar we gyrymsy agaçlar bilen oňat hyzmatdaşlyk edýär: kömelek ösümlikden şeker we aminokislotalary alýar, deregine bolsa organiki däl maddalary berýär.

Diwarlykda kirpikli kömelekler maşgalasyndan iň datly we hoşboý ysly «gelin kömelek» görkezilipdir. Telpeginde gülgüne-benewşe teňňejigi bolup, döwlende sary reňk çykýan bolsa, ol ýalan «gelin kömelekdir». Onuň kirpikli dogany, ýagny ak sähra kömelegi daglarda, ferulanyň ölen ýerasty böleklerinde giňden ýaýrandyr. Adaty weşenka kömelegi giňden ýaýrandyr, ol agaçlaryň gatlaklarynda parazitlik edýär. Onuň telpegi ýylmanak bolup, öz şekili deňiz mollýuskasyny ýatladýar. Ýazda we güýzde otly çemenliklerde köplenç ýaş wagtynda iýip bolýan ak kömelegi tapyp bilersiňiz. Ýagyş kömelegi topary şar görnüşindäki kömelekler arkaly görkezilipdir, sporalar olaryň miwesiniň içinde ýetişýär. Öýjükliler bölümi bolsa Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011 ý.) giren goňur toprak domalanydyr, ýöne ýaýrawynyň gowulaşmagy sebäpli, ol Gyzyl kitabyň dördünji neşirinden (2024 ý.) çykarylypdyr. Goňur toprak domalany gowşak kömelek ysy bilen porruk kartoşka meňzeýär, ol Sarahs bilen Etrek arasynda, şeýle hem Sumbar jülgesinde Köpetdagyň eteklerindäki düzlüklerde duş gelýär. Miweli bedenleri on ýylda bir gezek köp ýagyş ýagan ýyly ösýär. Gurak howa garamazdan, ýazyň başynda Köpetdagyň orta zolagynda, ýagyşdan soň otlaryň arasynda beýik bolmadyk belentlikleriň çägeli topragynda smorçogy kömelegi görmek bolýar. Ony başga kömelekler bilen bulaşdyrmak mümkin däl – papagy öýjükli, goýy goňur, konus görnüşinde.

Ömür möhleti gutarýan agaçda köp dürli turba kysymly jandarlar ösýär, olar köp reňkli düwünleri bolan tegelek ösüntgidir, olaryň biri hakyky agaç kömelekdir. Türkmenistanda zäherli kömelek az: goňur stroçok, ýalan gelin kömelegi we goňur gülgüne saýawanly kömelek kirpikli kömelek toparyna degişlidir. Täze diwarlykda seýrek zatlar-da duş gelýär – «Gyzbut» maşgalasyndan bolan kömelek. Bu, 130 million ýyllyk ösüş taryhy bolan Mezozoý eýýamynyň Hek döwrüniň galyndylary bolan makromisetleriň arasynda janly baýlykdyr.