Ï Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: Medeniýet ulgamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: Medeniýet ulgamy

view-icon 430

Sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, köptaraply gatnaşyklary giňeltmek, Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň döwlet strategiýasynda medeni diplomatiýanyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-paýhas kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen syýasatyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda häzirki wagtda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Medeniýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, taryhy we medeni desgalary goramak hem-de aýawly saklamak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Kitaphana, muzeý we arhiw işi, amaly-haşam sungaty, medeni gymmatlyklary döretmek, gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek, daşary ýurtlara alyp gitmek we getirmek, maglumat çeşmelerini goramak, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak ýaly ugurlardaky meseleleri kadalaşdyrýan kanunlaryň kabul edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, kinokonsert we sergi zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär. Ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, täze zehinleri ýüze çykarmak, olaryň öz mümkinçiliklerini açmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýaş zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany ýylyň-ýylyna artyp, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş ýerine ýetirijileriň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde ýaş höwesjeň aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini, bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşigini, körpe zehinleriň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-sazly bäsleşigini, ýaş aýdymçylaryň arasynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýle hem Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň edebi mirasyny mundan beýläk-de öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň geçirilmegi täze zehinleri ýüze çykarmakda, olary döredijilik gözleglerine höweslendirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda suratkeşleriň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, režissýorlaryň arasynda hem dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda hem milli we halkara baýramçylyklar giňden bellenilip, şanly wakalara bagyşlanan çäreler guraldy. Bu şygaryň many-mazmuny bolsa halkyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek üçin uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Halkara derejedäki çäreleri guramak üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, döwletimizde we daşary ýurtlarda meşhur söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, ony giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy.

Halkymyzyň özboluşly medeni mirasy — bu aýawly saklanylyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklaryň bitewi ulgamydyr. Şonuň üçin-de döwletimiz BMG-niň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, her bir halkyň mertebesine we ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklar üçin şertleri döredýär. Türkmenistanyň medeni, ylym-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ÝUNESKO eýýäm köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň maddy we maddy däl medeni mirasyny halkara derejede ykrar etmek işinde anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Türkmen hünärmenleriniň we daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda bilelikde öwrenilen “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2023-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.

2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisinde 2023-nji ýylyň fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasynyň geçirilendigi bellenildi. Munuň özi ýaşlaryň öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary barada bilimlerini artdyrmak, döredijilik we gözleg işini hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda örän ähmiýetlidir. Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi we bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.

2023-nji ýylyň sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly hödürnamasyny, şeýle hem Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalaryny, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasyny we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütleriň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edildi. Munuň özi ählumumy ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilýändiginiň güwäsine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri çäreler — ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, dürli döredijilik çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Şunda ýylyň dowamynda geçirilen ylmy maslahatlara aýratyn orun degişlidir. 27-nji martda geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ol Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çäreleriň biri boldy. Myhmansöýer türkmen topragynda bolmagynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar açyk asmanyň astyndaky ýadygärliklere — gadymy Änew galasyna we gaýtalanmajak bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, «Gözellik öýi» diýlip atlandyrylýan Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler.

Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigine bu ugurda dürli ýurtlar bilen üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar, şol sanda Diýarymyzyň gatnaşýan we öz mümkinçiliklerini işjeň tanyşdyrýan halkara maslahatlary-da şaýatlyk edýär. Şu babatda geçen ýylyň 27-nji martynda guralan «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň aýawly saklanylýan milli mirasy, köp sanly arheologik ýadygärlikleri, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalary Watanymyzyň dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orun eýelemegine, bu ugurdaky derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli 26-njy aprelde geçirilen «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem möhüm ähmiýete eýedir. Maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan gadymy Amul galasyna dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlikde giňden wagyz etmekden ybarat boldy.

Maý aýynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guralan çäreleriň çäklerinde medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara maslahat söz ussadynyň edebi we filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekde, Gündogar halklarynyň dilleriniň hem-de edebiýatlarynyň arasyndaky arabaglanyşygy ýüze çykarmakda wajyp orun eýeledi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama agza döwletleriň şanly seneleriniň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryny bellemek bilen baglanyşykly teklibiň we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini hem ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşmak hakynda Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan, görnükli türkmen şahyrynyň döredijiliginiň ählumumy derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik akyldar şahyryň edebi mirasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli goldaw bermegi esasynda şahyryň eserleri onlarça dile terjime edilip, halkara edebi we ylmy jemgyýetçiligiň gymmatly mirasynyň hataryna goşuldy.

17-nji maýda paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda guralan çäreleriň iň naýbaşylarynyň birine öwrülen dabara geçirildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Magtymgulynyň ägirt uly ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Häzirki döwürde ýurdumyz parahatçylygy berkitmek we dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin gyzyklanma bildirýän döwletler, abraýly halkara we sebit düzümleri bilen dürli ugurlarda, şol sanda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türki halklaryň maddy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, ösdürmek, geljek nesillere ýetirmek babatda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen netijeli gatnaşyklar hem taryhy umumylyklary, ruhy gymmatlyklary bilen özara baglanyşýan halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň we oňyn hyzmatdaşlygyň berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. 16-njy maýda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy maksady türki döwletleriň taryhy, medeni, tebigy we golýazma ýadygärliklerini gorap saklamakda ÝUNESKO bilen TÜRKSOÝ-nyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemekden hem-de milli mirasyň gymmatlyklarynyň halkara sanawlara girizilmegini üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy.

Türkmenistan medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna ýardam etmek bilen, giň gerimli ynsanperwer hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap gelýär. Şunda festiwallaryň, sergileriň, konsertleriň, Medeniýet günleriniň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Geçen ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. 3 — 5-nji aprelde Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günleriniň baý medeni maksatnamasy milli däpleriň we häzirki zaman döredijiliginiň sazlaşykly ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Onuň maksatnamasyna ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi, iki ýurduň artistleriniň «Dostluk agşamy» atly bilelikdäki konserti girizildi. 24-nji aprelde Fransiýanyň paýtagtynda ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti köpçüligiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. 12 — 14-nji iýunda Ýaponiýanyň Tokio we Sukuba şäherlerinde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde döredijilik duşuşyklary, «tegelek stol» maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, milli lybaslaryň görkezilişi geçirildi. 24 — 27-nji iýunda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri boldy.

Ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň döwlet derejesinde ösdürilmegine, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge, sungat ussatlarynyň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni aň-düşünjesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. 2013-nji ýylyň iýunyndan bäri bu hünär baýramyna bagyşlanyp, Diýarymyzyň dürli sebitlerinde her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdelikleri halkymyzyň köptaraply taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Geçen ýyl bu medeni forum Arkadag şäherinde guraldy. 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergileri, edebiýat agşamlary, konsertler, mowzuklaýyn maslahatlar, iş maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklary, brifingler, dana Pyragynyň «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi.

Oktýabr-noýabr aýlarynda Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, VI Wena baly, Türkmenistanyň we Mongoliýanyň artistleriniň bilelikdäki konserti, gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly hem-de «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirildi. Türkmenistanlylary dostlukly ýurtlaryň özboluşly medeniýeti bilen tanyşdyrýan bu döredijilik forumlarynyň çäklerinde guralan çäreler halklarymyzyň ýakynlygyny, taryhy we ruhy arabaglanyşygynyň berkdigini, özara düşünişmek däplerini has-da pugtalandyrmak babatda tagalla edýändiklerini görkezdi. 16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Şeýlelikde, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň medeni durmuşynda bolup geçen wakalar ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Medeniýet ulgamynyň 2024-nji ýyldaky wakalaryna bagyşlanan şu synda-da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmeleriniň batly depgini öz aýdyň beýanyny tapýar.