Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Bütindünýä hindi dili gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Oňa Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ilçihananyň işgärleri, institutyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çäräni institutyň rektory M.Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ýaşlaryň arasynda hindi diline gyzyklanma döretmekde dil öwretmäge ylmy nukdaýnazardan çemeleşýän, dünýä tejribesini işjeň öwrenýän we halkara forumlaryna gatnaşýan mugallymlaryň hyzmatynyň uludygyny belledi. Institut bilen Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň talyplaryň hindi dilini has çuňňur öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat Bütindünýä hindi dili gününi bellemegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanda hindi diliniň meşhurlygyny we institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda dil biliminiň ýokary derejesini nygtady.
Çäräniň dowamynda hindi dilini öwrenýän talyplar türkmen we hindi edebiýatynyň ýakynlygyny, halklaryň medeniýetleriniň we däp-dessurlarynyň meňzeşligi barada çykyş etdiler. Talyplar hindi dilinde Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň, Rabindranat Tagoryň, Mkanlal Çaturwediniň, Hariwanşa Raý Baççanyň goşgularyny uly höwes bilen okadylar. Institutyň talyplarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren ajaýyp hindi tansy we türkmen milli küştdepdisi duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda institutda Bütindünýä hindi dili gününe bagyşlanan iň gowy esseler we goşgular terjimesi boýunça bäsleşigiň jemi jemlenildi, baýrakly orunlary eýelän talyplara sylaglar gowşuryldy.