Ï SUSI maksatnamasynyň uçurymy bolan türkmen talyp gyzy Pragadaky Global Zenanlar forumyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

SUSI maksatnamasynyň uçurymy bolan türkmen talyp gyzy Pragadaky Global Zenanlar forumyna gatnaşdy

view-icon 108
SUSI maksatnamasynyň uçurymy bolan türkmen talyp gyzy Pragadaky Global Zenanlar forumyna gatnaşdy

«ABŞ-ny öwreniş institutlary» (SUSI) atly ýaş zenanlar üçin akademiki maksatnamasynyň uçurymlary Çehiýa Respublikasynyň paýtagtynda 5-9-njy ýanwar aralygynda geçirilen Ählumumy liderlik forumyna (GLOW) ýygnandylar. 

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldaw bermeginde Ählumumy liderligiň Bütindünýä konsorsiumy tarapyndan guralan GLOW forumy dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşyjy 78 sany zenanlary – SUSI maksatnamasynyň soňky üç ýylynyň uçurymlaryny bir ýere jemledi. 

Olaryň hatarynda foruma Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfizika ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa gatnaşdy. 

Çäre geljekki liderlere jemgyýetçilik derejesinde ähmiýetli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan başarnyklary we bilimleri bermek maksady bilen geçirildi. Interaktiw okuwlar, halypaçylyk we özara okatmak arkaly gatnaşyjylar taslamalary işläp taýýarlamak başarnyklaryny gowulandyrdylar, dünýägaraýyşlaryny giňeltdiler hem-de goldaw bermegiň kuwwatly toruny döretdiler. 

Ekologiýa durnuklylygy, bilim özgertmeleri, zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi babatdaky başlangyçlar bilen birlikde, dürli-dürli taslamalar ýaş liderleriň ukyplaryny görkezdi. Taslamalar täzeçillik ruhuny, täze pikirleri, döwrebap çözgütleri, awtorlaryň döredijilikli we ylmy çemeleşmelerini giňden beýan etdi. 

GLOW forumy zenan-liderlere diňe öz taslamalaryny işläp taýýarlamaga däl, eýsem, pikirdeşleri bilen gatnaşyk saklamak, berk gatnaşyklary ýola goýmak we olaryň bilelikdäki täsirlerini güýçlendirmek üçin möhüm mümkinçilik berdi. 

Pragada geçirilen Ählumumy forum zenanlaryň liderlik häsiýetlerini ösdürmekde uly ädim boldy, şeýle hem jemgyýetçilik derejesinde we bütin dünýäde durnukly geljegi gurmakda zenanlaryň eýeleýän uly ornuny ýüze çykardy. 

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan ýaş liderler üçin SUSI akademiki maksatnamasynyň çäklerinde okuwlaryň yzygiderli esasda geçirilýändigini bellemek gerek. Bu başlangyç ABŞ-nyň medeniýetine, taryhyna hem-de jemgyýetine düşünilmegini gowulandyrmaga, şeýle hem liderlik, diplomatik häsiýetleri, medeni köpdürlülige hormat goýmagy ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. 

Biziň talyplarymyzyň SUSI maksatnamasyna gatnaşmagy türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ýaşlaryň arasynda ählumumy liderligi we medeniýetleriň arasyndaky özara düşünişmegi ösdürmäge ygrarlydygyny äşgär görkezýär.