Ï Ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy

view-icon 1550
Ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze okuw kitaplarynyň nobatdaky tapgyry çykaryldy.

Olaryň hatarynda «Mahabatyň esaslary» diýen kitap bar. Onuň awtory Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowdyr.

Täze kitap köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýan mahabatyň mazmunyny açyp görkezýär. Kitapda mahabat žanrynyň gurluşy we onuň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir, şeýle hem mahabata häsiýetnama berlip, onuň ähmiýetine, eýeleýän ornuna, görnüşlerine we serişdelerine garalýar.

Neşir žurnalistikany okatmagyň halkara tejribesi, internet-materiallary, şeýle hem türkmen awtorlarynyň ylmy işleriniň esasynda taýýarlanyldy. Şundan ugur alnyp, okuw gollanmasy talyplara häzirki zaman habar beriş serişdeleriniň mahabat bölümlerinde işleri alyp barmagyň başarnyklaryny kemala getirmäge gönükdirilen bilimleri almaga mümkinçilik berer.

Kitap «žurnalistika» hünäri boýunça ýöriteleşýän talyplara we ugurdaş kafedralaryň mugallymlaryna, şeýle hem gazetleriň, žurnallaryň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň we radionyň işgärlerine niýetlenendir. Mundan başga-da, mahabat işi bilen gyzyklanýan hünärmenler hem bu kitapdan peýdaly maglumatlary alyp bilerler.

«Tut agajynyň seleksiýasy» atly beýleki täze okuw kitap Türkmenistanyň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, aspirantlaryna, mugallymlaryna, şeýle hem oba hojalyk pudagynyň ylmy işgärlerine we hünärmenlerine niýetlenendir.

Kitapda tut agajynyň seçgiçiliginiň gelip çykyşyna, ösüşine, häzirki derejesine, esasy ugurlaryna hem-de aýratynlyklaryna, şeýle hem onuň görnüşlerine we seçgiçilik üçin başlangyç serişdelerine garalýar. Onda tozanlandyrmagyň, emeli mutageneziň, şeýle hem täze sortlary döretmegiň häzirki zaman usullary we beýlekiler beýan edilýär. Okuw gollanmasy seçgiçilik işleriniň guralyşy, seçgiçilik serişdelerine baha bermegiň gurallary, täze sortlaryň we çaknyşdyrmalaryň döwlet synamalaryny geçirmegiň, olary oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmagyň düzgünleri barada gürrüň berýär.

Okuw kitaby hususan-da, ýokary hilli ýüpegiň öndürilişini artdyrmak, seçgiçilik işlerini ösdürmek, ýapraklary ýüpekçilik üçin ýeke-täk iýmit çeşmesi bolup durýan tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ekin meýdanlaryny giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeler göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.