Ï Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy

view-icon 1833
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy

Türkmenistanda 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Bu meseleler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. 

Şunuň bilen baglylykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ulgamy ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.