Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny – Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada 13-17-nji ýanwar aralygynda matematika, fizika we informatika «IzhO-2025» boýunça XXI Halkara Žautyk olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
2 altyn, 4 kümüş we 6 bürünç, jemi, 12 medal – Türkmenistanyň ylma höweseklerden ybarat milli ýygyndy toparynyň olimpiada gatnaşmagynyň ajaýyp netijeleri şundan ybarat boldy.
![]() |
![]() |
Matematika ugry boýunça medala eýe bolanlar has köp kesgitlenildi.
Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 135-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Hamza Allaberdiýew altyn medal gazandy.
![]() |
![]() |
Şol mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Maksat Babageldiýew kümüş medala mynasyp boldy, şeýle hem Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän 49-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow kümüş medala eýe boldy.
Paýtagtymyzdaky iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary bäsleşikde tapawutlandylar. 12-nji synp okuwçy Rahym Agamyradow kümüş medalyň eýesi boldy, 11-nji synp okuwçylary Mälikşa Meýlismyradow, Sanjar Hojanyýazow we Begli Işanmyradow bürünç medala mynasyp boldular.
![]() |
![]() |
Bürünç medallaryň ýene-de ikisini Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Myrat Ruslanow hem-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Hudaýguly Hudaýberenow gazandylar.
Fizika boýunça olimpiadanyň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 12-nji synp okuwçysy Jumadurdy Nuryýew altyn medal bilen sylaglandy. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Döwlet Annamyradow bürünç medal aldy.
![]() |
![]() |
Informatika ugry boýunça Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Amanmyradow bürünç medalyň eýesi boldy.
Jemi 21 okuwçy türkmen toparynyň düzümine girdi. Olara terbiýeçileriň 5-si – matematika mugallymlary Pälwan Agamyradow, Myrat Sapaýew, Resul Myradow, fizika mugallymy Berdimyrat Çaryýew hem-de informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew ýolbaşçylyk etdiler.
![]() |
![]() |
Olimpiada jemi 15 ýurtdan, şol sanda Gazagystandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Belarusdan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gruziýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan we Mongoliýadan mekdep okuwçylaryň 700-e we ýolbaşçy-mugallymlaryň 150-ä golaýy gatnaşdylar.
Sylaglanylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde mekdep okuwçylaryny abraýly halkara gözden geçirilişdäki üstünlikli çykyşlary bilen gutladylar. Olar bäsleşikde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdiler. Okuwçylaryň olimpiada gatnaşmaklarynyň ajaýyp netijeleriniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze ̶ 2025-nji ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan ilkinji uly üstünligi boldy.
Okuwçylaryň adyna mundan beýläk-de yhlasly we netijeli okamak, üstünlikler, döredijilik, sport, ylmy gazanylanlar hem-de geljekde-de täze ajaýyp ýeňişleri gazanmaklary baradaky köp sanly hoşniýetli arzuwlar ýaňlandy.
XXI Halkara Žautyk olimpiadasynyň ýeňijilerine mynasyp bolan diplomlary, medallary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.