Ï Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

view-icon 1609

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Beýik Britaniýanyň Kowentri uniwersitetiniň wekilleri onlaýn-duşuşyk geçirdiler. 

Şeýle hem çärä Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdy. Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda bilim babatdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýagdaýyna garamak duşuşygyň esasy meselesi boldy. 

Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçiligi uly ugurlar öwrenildi, talyplaryň alşylmagyna, bilelikdäki barlaglara degişli başlangyçlaryň we bilim maksatnamalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda Kowentri uniwersitetiniň direktorynyň işewürligi ösdürmek boýunça orunbasary jenap Kristofer Tagg ýokary okuw mekdebiň halkara gatnaşyklary strategiýasy barada giňişleýin gürrüň berdi, bar bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikleriniň taryhy bilen paýlaşdy hem-de türkmen bilim edaralary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň innowasion usullaryny teklip etdi. 

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasyndaky ylmy we medeni aragatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny özara belläp, bilim ulgamynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň pugta esasynyň bardygyny nygtadylar. 

Geçirilen duşuşyk netijeli gepleşige öwrülip, bilimde hem-de akademiki tejribäni baýlaşdyrmaga, medeni özara düşünişmegi ýokarlandyrmaga we ýokary bilim ulgamynda innowasiýalary ösdürmäge gönükdirilen täze bilelikdäki başlangyçlarda umumy maksatlary öňe ilerletmäge taraplaryň ygrarlydygyny tassyklady.