Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň işgärleri dolandyryş müdiriýeti edarasynyň çagyrmagy boýunça düzüminde Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri we mugallymy bolan wekiliýet iş sapary bilen Ankarada bolýar.
Sapar Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň işgärleri dolandyryş edarasynyň arasynda adam mümkinçiliklerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Bu resminama 2023-nji ýylda Ankarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.
Iş saparyň ilkinji günlerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde Türki dünýäsiniň adam mümkinçiliklerini ösdürmek institutynyň (TIKGE) birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyk Türkiýäniň Milli prezident kitaphanasynda geçip, oňa Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Döwlet gullugy we döwlet dolandyrylyşy akademiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Saparyň dowamynda türkmen wekilleri adam mümkinçiliklerini dolandyrmak, howanyň üýtgemegi, Türkiýe Respublikasynyň medeni, ykdysady geljegi ýaly meseleleri goşmak bilen birnäçe umumy sapaklary we okuw maslahatlary diňlärler.
Türkiýä barlan güni medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan bolan myhmanlar taryhy ýerlere, Stambulyň muzeýlerine aýlandylar. Mukaddes Sofiýa ybadathanasy, «Mawy metjit», Soltanahmet metjidi, Topkapy köşgi ýaly gözelliklere barlyp görülmegi olarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu mukaddes ýerler bilen Türkiýäniň hem-de onuň baý medeniýetiniň kemala gelmeginde uly orun eýelän bolup geçen wakalar baglydyr.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzasy Ýazmyrat Kulaýew Türkiýede bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň, gürrüňsiz suratda, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini nygtady hem-de bilelikdäki taslamalar üçin berk binýadyň goýuljakdygyna doly ynam bildirdi.