Ï Iňlis dili mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Iňlis dili mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary başlandy

view-icon 833

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dilinden sapak berýän mugallymlar üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary başlandy. Ol AELLCA Britan Geňeşiniň taslamasynyň çäklerinde guraldy.

TKT (Teaching Knowledge Assessment) okuwlary Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň tejribeli mugallymy Ste Şarpyň ýolbaşçylygynda institutyň iňlis dili mugallymlarynyň 14-siniň gatnaşmagynda geçirilýär. 

Bu okuwlar iňlis dilini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmek babatda mugallymlaryň hünär başarnyklaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, bilim berlişiniň hilini gowulandyrmaga, öwrenmeklerinde talyplaryň döwrebap isleglerini nazarda tutup, köpçülik bilen işlenilişiniň dolandyrylmagyna gönükdirilendir. 

Iňlis dili mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary mart aýynyň ortalaryna çenli dowam eder. 

Okuwlary üstünlikli tamamlan mugallymlara Nottingem Trent uniwersitetiniň Şahadatnamasy hem-de TKT (mugallymçylyk bilimlerini barlamak) halkara synagyna gatnaşmaga mümkinçilik berler. Bu Şahadatnama mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrar we olar üçin ýerli hem-de halkara derejesinde täze mümkinçiliklere gapylary açar.