Ï Türkmen we Galmyk döwlet uniwersitetleri hyzmatdaşlygy ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen we Galmyk döwlet uniwersitetleri hyzmatdaşlygy ösdürýärler

view-icon 1319
Türkmen we Galmyk döwlet uniwersitetleri hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça onlaýn-duşuşyk geçirdiler.

B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk Döwlet uniwersitetiniň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ý.Mantaýewa rus ýokary okuw mekdebiniň taryhy we şu güni barada gürrüň berdi. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory D.Annaýew çykyşynda dürli ýyllarda uniwersitetiň täze okuw binalarynyň açylandygy we onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylandygy, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. 

Galmyk döwlet uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygy, hünär we goşmaça bilim boýunça prorektory O.Koniýewa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilişi barada aýdyp, bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň ugurlarynda, şol sanda iki diplomlyk maksatnamasy, professorlar, mugallymlar hem-de talyplar üçin akademiki maksatnamalar babatda özara gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem hünär derejelerine degişli maksatnamalaryň çäklerinde umumy sapaklary bermäge daşary ýurt mugallymlaryny çekmek boýunça teklipler beýan edildi. 

Wideoduşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriň bilelikdäki netijeli işlerini ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça çykyşlar diňlenildi, pikir alyşmalar boldy. 

Gepleşikleriň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar bilelikdäki täze başlangyçlary öňe ilerletmäge hem-de ylym we bilim ulgamynda uzakmöhletli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny we gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.