Ï Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň mugallymçylyk institutyna baryp gördüler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň mugallymçylyk institutyna baryp gördüler

view-icon 623

Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň wekilleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp gördüler.

Westminster uniwersitetiniň wekilleri okuw maslahatlaryny hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde duşuşyklary geçirmek maksady bilen Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar.

Britan uniwersitetiniň myhmanlary Endrýu Linn Robert we Anastasiýa Bezborodowa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary üçin 4 tapgyrdan ybarat okuw geçdiler. Okuwlar talyplaryň dil taýýarlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Okuwlaryň dowamynda häzirki zaman usullary ulanmak bilen iňlis dilini bilmegi kämilleşdirmek, okatmakda öňdebaryjy ylmy gazanylanlary we tehnologiýalary netijeli peýdalanmak, dil bilimi bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirmek, barlaglaryň maglumatlarynyň netijeleriniň ylmy neşirlerde beýan edilmegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary ýurt hünärmenleriniň gatnaşmaklaryndaky okuwlar mugallymçylyk institutynyň mugallymlaryna we talyplaryna uly täsir etdi, şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ähmiýetli hem-de netijeli çärä öwrüldi.

Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň myhmanlarynyň Türkmenistana saparynyň 19–25-nji ýanwar aralygynda dowam edýändigini ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Şol döwürde Westminster uniwersitetiniň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bolup, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmaklarynda okuwlary we duşuşyklary geçirdiler.