Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nano we biolukmançylyk elektronikasy kafedrasynyň mugallymy Mekan Toýjanow «Mikrotorlar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» diýen tema boýunça hünär ýokarlandyryş okuwyna gatnaşdy. Okuwlar 20–24-nji ýanwar aralygynda Hindistanyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (The Indian Technical and Economic Cooperation Programme (ITEC)) çäklerinde guraldy.
Hünär ýokarlandyryş okuwlaryna dünýäniň 12 ýurdundan ýokary okuw mekdepleriň ýaş alymlarynyň, inženerleriniň, mugallymlarynyň 17-si gatnaşdy.
Hindistanyň öňdebaryjy okuw mekdepleriniň biri bolan Milli ýylylyk-energetika korporasiýasynyň (NTPC) işewürlik mekdebiniň Energetikany dolandyrmak institutynda synag-tejribe okuwlaryň barşynda oňa gatnaşyjylar Gün, ýel, wodorod ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri arkaly mikrotorlary döredip, olaryň öndürilişini, paýlanyşyny we saklanyşyny nazary taýdan hem-de tejribe arkaly başarnyklaryny kämilleşdirdiler.
Hünär ýokarlandyryş okuwlaryň dowamynda öňdebaryjy Hindistanyň professorlary, telekeçileri hem-de inženerleri gatnaşyjylar üçin dünýä derejesinde kömürturşy gazyň bölünip çykmasyny azaltmagyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna energiýanyň ýetmezçiliginiň öwezini dolmagyň zerurlygyna, şeýle hem olaryň ykdysady we inženerçilik ugurlaryna bagyşlanan umumy okuwlary geçdiler.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahatlary guralyp, olarda NETRА (NTPC Energy Technology Research Alliance) ylmy-barlag merkeziniň 1 MWt kuwwatlygy bolan Gün hem-de wodorod elektrostansiýasynyň gurluşy bilen tanyşdyryldy. Hünär ýokarlandyryş okuwyna gatnaşyjylar «Bharat Mobility Global Expo 2025» sergisine hem baryp görüp, onuň çäklerinde elektrik maşynlaryň önümçiligi bilen giňişleýin tanyş boldular.
Bäş günlük okuwlar tamamlanandan soň, çäräniň ýapylyş hem-de oňa gatnaşyjylara şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy.