9–20-nji fewral aralygynda Aşgabatda bir aýlawda geçiriljek Türkmenistanyň küşt boýunça çempionlygy ugrundaky ýaryşda ýokary ligada 12 küştçi bäsleşer.
Zenanlaryň arasynda küşt täjine dalaş edýänleriň sanawy Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen birinji liganyň ýaryşynyň netijesine esaslanyp kesgitlendi.
Ýokary ligadaky alty ýeri eýelemek ugrundaky göreşde ýurduň ähli sebitinden Şweýsar ulgamy boýunça 11 aýlawda oýnan 48 küştçi bäsleşdi.
Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülmira Seýilhanowa birinji belgisine (FIDE reýtingi – 1921) tüýs mynasyp oýnamak bilen, ýeňiji boldy. Tejribeli tälimçi Güljahan Öwlüýägulyýewanyň ýolbaşçylygynda heniz 17 ýaşy dolmadyk häzirki milli çempion 11 utukdan 8 utuk toplamak bilen, özüniň sport durmuşynda şu wagta çenli ulular derejesinde iň ýokary üstünligini gazandy.
Ikinji orunda geçen ýylky zenanlar birinji ligasynda ýeňiji bolan Bägül Ezizowa (reýting – 1807, 8-nji belgi) ýerleşdi. Serdar Annaberdiýewiň şägirdi hem 8 utuk toplady, ýöne goşmaça görkezijiler boýunça Gülmira Seýilhanowadan asgyn geldi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa (reýting – 1879, 2-nji belgi) bürünç medala mynasyp boldy. Serdarguly Baýramsähedowyň tejribeli okuwçysy ýaryşyň möhüm pursatlarynda ussatlyk görkezip, mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk gazandy.
Birinji liganyň netijeleri boýunça 2025-nji ýylda Türkmenistanyň zenanlar çempionatynyň ýokary ligasyna gatnaşmaga iň oňat alty küştçi hukuk gazandy. Bular ilkinji üç medalçylar – Gülmira Seýilhanowa, Bägül Ezizowa, Ogulsuraý Baýrambaýewa, şeýle hem geçen ýyl bürünç medal gazanan Aýşa Gubataýewa (4-nji ýer), Jennet Durdyýewa (5-nji ýer), Aýa Baýramowa (6-njy ýer) dagydyr. Aýa Baýramowa 10 ýaşly gyzlaryň arasynda «blis» boýunça dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp bolupdy. Indi bolsa türkmen küşt taryhynda ýokary liganyň iň ýaş agzasy bolmak bilen, ajaýyp üstünlik gazandy.
Zenanlaryň ýokary ligasynda galan alty ýer şunuň ýaly paýlandy. Bäş ýere geçen ýyldaky ýokary liganyň iň oňat dört küştçüsi: Merýem Agajanowa, uýalar Läle we Leýla Şöhradowalar, Jahan Rejebowa, şeýle hem 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogynda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezen Mähri Agamämmedowa dagy eýe boldular. Ýokary ligada ýene bir ýer iň güýçli toparda oýnamaga mynasyp küştçä beriljek wild card eýesine berler.