Ï Nýu-Ýorkda «Magtymguly Pyragy» filmi görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nýu-Ýorkda «Magtymguly Pyragy» filmi görkezildi

view-icon 1892
Nýu-Ýorkda «Magtymguly Pyragy» filmi görkezildi

Nýu-Ýork şäherindäki Türk öýünde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň hatyrasyna we türki dünýäsiniň möhüm medeni gymmatlygyna bagyşlanyp düşürilen «Magtymguly Pyragy» türkmen-özbek filminiň ýörite görkezilişi boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Şawkat Mirziýoýewiň goldamagynda düşürilen bu film Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Bu film Aşgabatda geçirlen «Gorkut ata» IV halkara kinofestiwalynyň baş baýragyna mynasyp boldy.

Filmiň görkezilişi başlanmazdan öň, onuň režissýory Muzaffarhon Erkinow türkmen kinematografiýaçylary bilen bilelikde alnyp barlan işler baradaky täsirlerini paýlaşdy:

– Biziň filmimiz iki halkyň jebisligini, mundan başga-da, bütin türki dünýäsiniň agzybirligini görkezýär. Biz bu taslamany Türkmenistanda we Özbegistanda düşürdik, filmi ýazgy edýän 50-den gowrak meýdançalary döretdik hem-de uly möçberli işleri alyp bardyk. Bizi dilimiz, dinimiz we medeniýetimiz birleşdirýär, şoňa görä-de, şeýle jebisligi kino sungatynyň üsti bilen görkezmek biziň üçin uly hormat boldy.

Şeýle hem režissýor bilelikde işlemäge döredilen mümkinçilik üçin iki ýurduň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdi.

Baş keşbi ýerine ýetiriji, ýaş aktýor Ahmet Amandurdyýew uly ekranda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbini janlandyrmagyň özi üçin belent hormat bolandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi.

TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda şeýle diýdi:

– Bu film Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky diňe bir medeni aragatnaşyklary berkidýän uly alamat bolman, eýsem, türki dünýäsiniň jebisliginiň hem nyşanydyr. Magtymguly Pyragy öz pikir maksatlary bilen döwrüniň çäklerinden çykýan akyldardyr. Ol adalatlylyk, doganlyk we parahatçylyk ýaly hemişelik gymmatlyklaryň wekilidir. Şunuň bilen baglylykda men bu işlere bahasyna ýetip bolmajak uly goşant goşan kino işgärlerimizi gutlaýaryn.

Şeýle hem Sultan Raýew 2025-nji ýylyň Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini ýatlady. Ol guralan çäräniň şu ýylyň möhüm başlangyjyny alamatlandyrýandygyny belledi.

«Magtymguly Pyragy» filmine bagyşlanan maksatnamanyň çäklerinde BMG-niň ýanyndaky birnäçe ýurtlaryň hemişelik wekilleriniň, artistleriň, hökümete degişli däl guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda giň gerimli çäreler geçirildi.

Çäre «Türki dünýäsiniň medeni paýtagtlary» we «Magtymguly Pyragy» diýen temalar boýunça TÜRKSOÝ-yň fotosergisini hem özünde jemledi. Oňa gatnaşyjylar türki dünýäsiniň baý medeni-mirasyny beýan edýän sergi, şeýle hem nusgawy şahyryň döredijiliginden ruhlanan ýaş suratkeşleriň eserleri bilen tanyşdylar.