Ï Orta mekdepleriň okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Orta mekdepleriň okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy

view-icon 1324
Orta mekdepleriň okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin okuw kitaplary çykaryldy.

Täze neşirleriň hatarynda XI synpyň okuwçylary üçin awtorlar N.Garaýew, Ý.Ballyýew, B.Baýjanow, G.Sahatowa we N.Möwlamowa tarapyndan «Türkmen dili» okuw kitaby bar. 

Kitap okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary nazarda tutulyp, okatmagyň esasy didaktiki usullary esasynda taýýarlanylypdyr.

Kitapda türkmen diliniň funksional stili, onuň aýratynlyklary, uzyn we gysga bogunlaryň, çekimli sesleriň aýdylyşy bilen bagly we orfoepik kadalar giňden beýan edilýär. Şeýle hem kitapda diliň fonetiki serişdelerine, intonasiýanyň düzgünlerine, söz we logiki basymlara, orfografik kadalara garalýar. Ulanmakda oňaýly bolmagy hem-de okuwçylaryň sapaklary oňat özleşdirmekleri üçin kitapda orfografik sözlük ýerleşdirilipdir.

Kitap ýokary synpyň okuwçylary üçin niýetlenilip, dilden gürlemek, dogry aýtmak, häzirki zaman türkmen edebi dilinde grammatiki we orfografik düzgünleri ulanmak başarnyklaryny ösdürmäge ýardam eder.

Şeýle hem umumy bilim berýän orta mekdepleriň XI synp okuwçylary üçin «Dünýä taryhy» okuw kitaby çykaryldy. Onuň awtorlary J.Hatamow we J.Gurbangeldiýew.

Kitapda ХХ-ХХI asyrlaryň dünýä taryhynyň wakalary, hususan-da, 1946-njy ýyldan 2000-nji ýyllar aralygyndaky döwrüň wakalary beýan edilýär. Neşirde Ikinji jahan urşundan soň, döwletleriň täzeden dikeldilişi, dünýäniň ýurtlarynyň syýasy ulgamlary, halkara gatnaşyklarynyň taryhy, käbir ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni ösüşiniň aýratynlyklary hem-de olaryň jemgyýetiň ösüşine goşandy barada gürrüň berilýär.

Kitapda XX asyryň ahyryndaky wakalara aýratyn üns berilýär, şol döwürde SSSR-iň düzümine giren döwletleriň garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen baglanyşykly bolup geçen özgertmeler beýan edilýär. Kitap dünýä ýurtlarynyň daşary syýasaty, Garaşsyz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilişi diýen temalar boýunça gyzykly materiallary özünde jemleýär. Türkmenistanyň gatnaşyklary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesiniň ýörelgeleri esasynda ýola goýuldy.

Okuw gollanma dünýäde ylmyň we tehnikanyň giň gerimler bilen ösen taryhy döwri hökmünde ХХ asyra bagyşlanan materiallar girizilipdir. Kitap alymlaryň ajaýyp açyşlary baradaky maglumatlary hem özünde jemleýär, şol açyşlaryň netijesinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, aragatnaşyk ulgamlaryň ösüşinde, älem giňişliginiň we internet torunyň özleşdirilişinde uly üstünlikler gazanyldy.

Şeýle hem kitap goşmaça maglumatlary, çyzgylary we jedwelleri özünde jemläp, olar okuwçylara geçilen her tema boýunça materiallary özbaşdak özleşdirmäge kömek eder. Okuwçylara kömek hökmünde kitapda fotosuratlar we kartalar ýerleşdirilipdir, syýasy, döwlet işgärleriň terjimehallary hem-de beýleki peýdaly maglumatlar berlipdir.

Orta mekdepleriň XII synplary üçin niýetlenilen nobatdaky täze neşir «Le français» okuw kitabydyr. Onuň awtorlary T.Atdaýewa, M.Amanowa we G.Amanowa.

Kitap bilim maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylypdyr we aşakdaky bölümleri özünde jemleýär: «Meniň maşgalam», «Meniň gündelik durmuşym», «Men we jemgyýet», «Meniň Watanym», «Men we tebigat», «Men we medeniýet», «Syýahatçylyk».

Kitapda dili öwrenilýän ýurt barada, onuň däpleri, taryhy we medeni mirasy, şeýle hem Fransiýanyň häzirki zaman ösüşi hakynda gyzykly maglumatlar berlipdir. Tematiki materiallar owadan suratlar bilen bezelipdir, bu bolsa okuw gollanmanyň gymmatyny artdyrýar.

Kitap fransuz dilinde okamak, ýazmak, düşünmek hem-de öz pikiriňi beýan etmek başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem halkara ulgamda medeniýetleriň we däpleriň özara baglanyşygyny ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Kitapdaky maglumatlar okuwçylara ýokary synpda okamagyň ahyrky ýylynda ozal alan bilimlerini gaýtalamaga, gowulandyrmaga we ep-esli berkitmäge, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň dünýä garaýyşyny giňeltmäge we ýurtlaryň dillerini öwrenmek arkaly oňat netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.