Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy Çemen Wekilowa Britan geňeşiniň AELLCA maksatnamasynyň çäginde Beýik Britaniýanyň Norwiç şäherinde ýola goýlan gysga möhletli okuwa gatnaşdy.
Okuw hünärlerini kämilleşdirmek, tejribe alyşmak we iňlis dilini çuňňur öwrenmek, şeýle hem Birleşen Patyşalygyň sebitiniň medeniýetini we milli däp-dessurlaryny öwrenmek maksady bolan Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny bir ýere jemledi.
Çäräniň maksatnamasynyň esasy jähetleriniň biri-de, AELLCA maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän Nile (Norfolk International Language Experience) dil mekdebinde tälim bermekdir. Bu mekdepde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mugallymlary Angliýanyň bilim ulgamynyň gurluşy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen birnäçe depginli maslahatlardyr ussatlyk derslerini geçdiler.
Okuwyň barşynda ýerli mekdeplere we Norwiçdäki beýleki bilim edaralaryna tanyşlyk saparyna aýratyn üns berildi. Merkezi aziýaly mugallymlaryň iňlis dili we beýleki mekdep derslerini öwretmek işine syn etmek üçin ajaýyp mümkinçilikler boldy. Mekdeplere baryp görmek gymmatly tejribe toplamaga, britan okadyş usulyýetini, okatmak işini guramaga çemeleşmeleri we okuwçylar bilen aragatnaşyk usullaryny öwrenmäge uly ýardam etdi.
Britan kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklarda merkezi aziýaly mugallymlar bilim tejribesiniň dürli jähetlerini, şol sanda okatmak işinde tehnologiýalary ulanmak, okatmagyň usullarynyň dürlüligine we giň gerimli bilime dahylly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw maksatnamasy oňa gatnaşanlara hünär başarnyklaryny ep-esli ýokarlandyrmaga, nazary bilimlerini artdyrmaga we iňlis dilini öwretmekde amaly endikleri gowulandyrmaga, şeýle hem bilim pudagynda halkara gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berdi.