Ï Türkmen wekiliýeti ESGCA taslamasynyň hyzmatdaşlarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti ESGCA taslamasynyň hyzmatdaşlarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

view-icon 1131
Türkmen wekiliýeti ESGCA taslamasynyň hyzmatdaşlarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti ESGCA taslamasynyň hyzmatdaşlarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti ESGCA taslamasynyň hyzmatdaşlarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti ESGCA taslamasynyň hyzmatdaşlarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

20-24-nji ýanwar aralygynda Italiýanyň Genuýa şäherinde «Merkezi Aziýanyň bilim we iş bilen üpjünçilik pudaklarynda ekologiýa meselelerini, durmuş taýdan zerurlyklary we degişli dolandyryşy utgaşdyrmak» (ESGCA) atly taslamanyň hyzmatdaşlarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Ol taslama Erasmus+Ýewropa Bileleşigi maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Duşuşyga Rumyniýadan, Slowakiýadan, Italiýadan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan ESGCA taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de hyzmatdaş guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. 

Genuýa uniwersitetiniň – bu taslamanyň utgaşdyryjysynyň çagyrmagy boýunça çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar taslamanyň gurluşyny we ony amala aşyrmagyň tapgyrlaryny, şeýle hem magistrlik maksatnamalaryny hem-de innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň strategiýalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekili Gadam Akmyradow we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili Maksat Çüriýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri hem-de olaryň taslama boýunça geçirýän işleri baradaky tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler.

Duşuşygyň çäklerinde ESGCA taslamasynyň saýtynyň deslapky görnüşi taýýarlanylyp, ol salgy boýunça ýerleşdirildi. Saýt duşuşykdan habarlary we fotosuratlary, şeýle hem taslama gatnaşyjy ýokary okuw mekdepler barada maglumatlary özünde jemleýär. 

Taslamanyň utgaşdyryjylary çärä gatnaşyjylara ESG diýen magistrlik maksatnamasyny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasyny görkezdiler. Ol ýakyn wagtlarda durmuşa geçiriler. Şeýle hem Rumyniýada we Slowakiýada ESG-niň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşjak hünärmenler üçin öwrediş häsiýetli ýörite okuwlaryň geçiriljekdigi yglan edildi. 

ESGCA taslamasynyň 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda işe girizilendigini hem-de üç ýyla niýetlenilendigini belläp geçmek gerek. Taslamanyň esasy maksady Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, hususan-da, daşky gurşawuň goralmagyny netijeli dolandyrmak we durmuş taýdan goldamak, bu ulgamlarda hünärmenleri taýýarlamak, okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek babatda bilelikdäki işleri durmuşa geçirmekden, ylmy barlaglara we innowasiýalara ýardam bermekden hem-de hünärlere bolan islegleri seljermekden ybaratdyr.