Ï Türkmen hokkeýçileri Harbindäki gyşky Aziýa oýunlarynda Hindistanyň toparyny uly ýeňlişe sezewar etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hokkeýçileri Harbindäki gyşky Aziýa oýunlarynda Hindistanyň toparyny uly ýeňlişe sezewar etdi

view-icon 1910
Türkmen hokkeýçileri Harbindäki gyşky Aziýa oýunlarynda Hindistanyň toparyny uly ýeňlişe sezewar etdi
camera-icon
Sinhua /Li Ziheng

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri Hytaýyň Harbin şäherinde geçirilýän IX Aziýa gyşky oýunlarynda ikinji uly ýeňşini gazandy. Ylýas Weliýewiň we Guwançmyrat Jepbarowyň şägirtleri ilkinji oýunda Hytaýyň Makao toparyndan 26:0 hasabynda uly ýeňişden soň hindi toparyndan 19:1 (4:1, 6:0, 9:0) hasabynda üstün çykdy.

Hindistanda hokkeý geçen asyrda Şimlada – ýurduň Demirgazyk-Günbatar böleginde daglyk ýerde ýerleşýän kiçijek beketde ýüze çykypdyr. Onda hytaýly iki dogan häzirem ulanylýan typgyç ýasamaga başlapdyr. Elýeterli enjamlaryň ýoklugy sebäpli, ilkinji toparlar Şimladan typgyç tyglaryny alyp, olary harby aýakgaplaryna çüýleýän ekenler. Şeýle hem tigirçekli typgyç we guryýer hokkeýi üçin taýaklar ulanylypdyr. Şaýba ýasamak üçin, ýerli ilat harby aýakgaplarynyň galyň rezin ökjelerini kesip, olary tegelek görnüşe getiripdirler. Derwezeçiler ýerüsti hokkeý üçin sowut geýipdirler, ýöne olarda tuwulga bolmandyr. Başga oýunçylar tuwulga-da, dyzlyk ýa-da tirseklik-de ulanmandyrlar. Gorag esbaplarynyň ýoklugy sebäpli alynýan şikeslere garamazdan, sebitde bu oýun barha meşhurlaşypdyr.

1989-njy ýylyň 27-nji aprelinde Hindistanyň Şaýbaly hokkeý birleşigi Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) agzasy hökmünde kabul edilenden soň, bu ýurduň hokkeýçileri halkara oýunlarda oýnamak hukugyna eýe boldular. Eýsem-de bolsa, muňa garamazdan, Hindistanyň ýygyndy topary diňe 2009-njy ýylda Abu Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen IIHF Aziýa Çagyryş Kubogynda halkara derejesinde ilkinji gezek çykyş edip, iň soňky sekizinji orny eýeledi.

Iki ýyldan soň hindi hokkeýçileri Kuweýtiň El-Kuweýt şäherinde geçirilen IIHF Aziýa Çagyryş Kubogynda 2:39 hasabynda utulmak bilen, şu güne çenli iň agyr ýeňlişe sezewar boldy. 2012-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa Hindistanyň milli ýygyndy topary Dehradun (Hindistan) şäherinde geçirilen IIHF Aziýa Çagyryş Kubogynda Makaodan 5:1 hasabynda üstün çykyp, ilkinji halkara ýeňşini gazandy.

Harbinde geçirilen Aziýa oýunlarynda hindi hokkeýçileri Hytaýyň Gonkong toparyndan 0:30 hasabynda utulyp, ýaryşy gaty şowsuz başlady. Ýöne ondan soňky, Türkmenistan topary bilen oýnuň eýýäm 2-nji minutynda Stanzin Aňçokyň urgusyndan soň 2025-nji ýyldaky Aziýa oýunlarynda ilkinji goly salmak bilen, öňe saýlandy. Eýsem-de, hasaby deňlemek üçin, türkmen oýunçylaryna bary-ýogy 13 sekunt gerek boldy. Muny Arslan Geldimyradow amala aşyrdy. Ol şondan soň hindi toparynyň derwezesine ýene dört şaýba geçirip, IX Aziýa gyşky oýunlarynda Türkmenistanyň toparyndan penta-trik amala aşyran ikinji oýunçy boldy. Ondan öň, Hytaýyň Makaosy bilen geçirilen ilkinji oýunda toparymyzdan Baýmyrat Baýmyradow bäş şaýba geçiripdi. Hindistan bilen oýunda bolsa het-trik (üç şaýba) geçirmek bilen, öz netijeliligini 8 gola ýetirdi. Hindi toparyna garşy oýunda het-trik geçiren ýene bir oýunçynyň – Begenç Döwletmyradowyň iki oýundan soň bir goly Baýmyradyňkydan az geldi.

Toparymyzda Arslan Nuryýew we Aleksandr Wahowskiý iki gol geçirmek bilen bellendiler, Nowruz Baýhanow, Erkin Kakabaýew, Öwezguly Esenow we Nazar Orazow dagynyň bolsa hersi bir şaýba geçirdi.

Bu oýundan soň türkmen hokkeýçileri 6 utuk gazanyp, «C» toparynda öňde barýan Hytaýyň Gonkong topary bilen, diňe gol sanynda diýäýmeseň, deňleşdi. Hindistanyň we Makaonyň toparlarynda heniz utuk ýok.

Bu toparyň çärýek finalda oýnamaga hukuk gazanjak ýeňijisiniň ykbaly jemleýji ýaryşda Türkmenistan bilen Gonkongyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlener. Bu oýunda utulan toparça, «B» toparyň kümüş medalçysy bilen 9-10-njy orunlar ugrunda oýnar.

2025-nji ýyl gyşky Aziýa oýunlarynyň hokkeý ýaryşynda medal ugrunda deslapky tapgyrda üç topara bölünen 14 toparçanyň bäsleşýändigini ýatladýarys. Iň güýçli toparda çärýek finaldaky oýunlary bilen özleri üçin ýer üpjün eden Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Taýlandyň we Hytaý Taýpeýiniň toparçalary çykyş edýärler. «B» toparda Bahreýn, Kuweýt, Gyrgyzystan we Singapur ýaly ýurtlaryň toparçalary oýnaýarlar, «C» topara Gonkongyň (Hytaý), Hindistanyň, Makaonyň (Hytaý) we Türkmenistanyň toparçalary girýär.

«B» we «C» toparlaryň ýeňijileri kimiň 7-nji ýerden, kimiň 8-nji ýerden çärýek finala çykjakdygyny kesgitlemek üçin, ýüzbe-ýüz bolarlar. Bu toparlardaky galan toparçalar pleý-off oýunlarynda 9-njydan 14-njä çenli ýerler üçin bäsleşer.

«A» toparda Gazagystan bir gün öň Hytaý Taýpeýinden 17:0 hasabynda üstün çykdy, Koreýa Respublikasy Ýaponiýany 5:2 hasabynda utdy, Taýland bolsa Hytaýdan 0:8 hasabynda utuldy, şu gün ilkinji iki oýunda Ýaponiýa Gazagystandan 1:4, Taýland bolsa Koreýa Respublikasyndan 0:10 hasabynda ýeňildi.

Şeýlelik bilen, jemleýji tapgyryň öňüsyrasynda 100% görkezijisi bolan Gazagystan 12 utuk toplap, bu toparda öňde barýar. Koreýa Respublikasy bir utuk yza galmak bilen, ikinji ýerde durýar. Bu toparlaryň 10-njy fewralda boljak jemleýji ýaryşynda «A» toparyň birinji ýeriniň ykbaly çözler.

«B» toparda bolsa ýeňiji 9-njy fewralda Gyrgyzystan – Singapur we Bahreýn – Kuweýt aralygynda geçjek oýunlaryň netijelerine görä kesgitlener. Bu ýerde birinji ýer we çärýek finala çykmak üçin, üç topar bäsleşýär: Gyrgyzystan (5 utuk), Kuweýt (4 utuk) we Singapur (3 utuk). Indi hiç zat ugrunda bäsleşmeýän, ýaryş jetweliniň soňky setirini eýeleýän Bahreýniň topary 13-14-nji ýerler ugrundaky oýunda oýnar. Onuň bu ahyrky bäsleşikdäki garşydaşy «C» toparyň soňky oýnunda, ýagny Makao bilen Hindistanyň milli ýygyndy toparçalarynyň arasyndaky oýunda kesgitlener. Bäsdeş utulan toparça bolar.

Çärýek final oýunlary 11-nji fewrala meýilleşdirilýär. Ýarym final oýunlary 13-nji fewralda geçiriler. 3-nji ýer we final oýny bolsa 14-nji fewralda bolar.