Türkmen oba hojalyk institutynyň ösümlikçilik bölüminiň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Maral Orazbaýewa kärdeşleri bilen kädiniň Daşoguz welaýatynyň howa şertlerinde köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmäge ýararly täze hilini döretmegiň üstünde işleýär.
Ot ösümlikleriniň jynsyna degişli bolan kädi gadymy döwürlerden bäri ýerli ilatyň oba hojalygynda möhüm orny eýeleýär. Özüniň gastronomik aýratynlyklary bilen onuň ornuny başga hiç zat tutup bilmejek azyk önümidir.
Institutyň mugallymlary öz öňlerinde seçim we sapma esasynda ýokary hasyllylygy, lezzetli tagamy, dürli kesellere durnuklylygy, ösüp, hasyl bermegi üçin üýtgeşik ýer dandamaýan täze alamatlary we häsiýetleri özünde jemleýän, welaýatyň topragydyr howa şertlerine iň uýgun görnüşi ösdürip ýetişdirmek wezipesini goýdular. Tohum serişdesi hökmünde kädiniň «Adaty», «Muskat» we «Uly miweli kädi» görnüşleri saýlandy.
Gibrit etme netijesinde alnan tohumlar synag üçin iki ýylyň dowamynda institutyň okuw-tejribe hojalygynda ekildi. Ösüş döwründe gögerişe, topragyň we howanyň temperaturasyna bolan talaba, çyglylyga we ýagtylyga, çygyň sarp edilişine, ýetişme möhletine we başga-da köp görkezijilere yzygiderli gözegçilik edildi. Täze hilli kädiniň üstünde işler dowam edýär.
Köp tapgyrly synaglaryň netijesi üstünlikli bolan ýagdaýynda, ol ýurduň demirgazygynda üstünlikli ösdürilip ýetişdirilýän bu bakja hasylynyň ýerli we daşary ýurtly görnüşleriniň köpüsiniň üstüni dolduryp biler. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde iki görnüş aýratyn meşhur: «Bal kädi» we «Palaw kädi».
Türkmen oba hojalyk institutynyň ýurdumyzyň oba hojalyk senagaty toplumynyň öňünde önümçiligiň möçberini artdyrmak, seçip alyş we tohumçylyk işleriniň derejesini has-da ýokarlandyrmak, dürli ekinleri işläp bejerýän oba hojalyk tehnologiýasyny kämilleşdirmek we suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça döwlet tarapyndan goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýandygyny bellemelidiris.