Türkmenistanda ýeňil atletika, kikboksing we uşu boýunça okuw kitaplary çap edildi. Täze neşirler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmen döwlet «Ylym» ylmy neşirýat tarapyndan çykaryldy.
Okuw gollanmalar ýokary okuw mekdepleriň talyplary we mugallymlary, türgenler we tälimçiler, ýöriteleşdirilen çagalar we ýaşlar sport mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan ähli höwesjeň okyjylar üçin niýetlenendir.
«Ýeňil atletikanyň nazaryýeti we usulyýeti» diýen täze okuw kitap sport ugurly ýokary okuw mekdebiň ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň professorlary hem-de mugallymlary Döwletgeldi Mämmedow, Halmyrat Nepesow, Serdar Nurmyradow we Saparmyrat Mämmedow tarapyndan taýýarlanyldy.
21 bapdan ybarat kitabyň sahypalarynda ýeňil atletikanyň ähli görnüşleriniň tehnikalaryna, olary özleşdirmegiň aýratynlyklaryna sport taýýarlygynyň usullaryna we serişdelerine, şeýle hem türgenleşik işleriniň meýilleşdirilişine we ýeňil atletika boýunça ýaryşlary geçirmegiň düzgünlerine garalýar.
«Kik-boksuň nazaryýeti we usulyýeti» atly kitabyň awtorlary sportuň söweş görnüşleri kafedrasynyň professorlary Soltanmyrat Esenow, Allaberdi Omarow we Şöhrat Hallyýew. Kitapda kikboksingiň taryhy, onuň ösüş tapgyrlary, kikboksçylaryň beden taýýarlygy, kikboksingiň düzgünleri, tehnikasy we taktikasy, türgenleriň ruhy taýdan taýýarlygy we iýmitleniş ýörelgeleri, şeýle hem sportuň şu görnüşinde türgenleriň duçar bolýan mümkin bolan sport şikesleri giňişleýin beýan edilýär.
«Uşunyň nazaryýeti we usulyýeti» diýen okuw kitaby sportuň söweş görnüşleri kafedrasynyň professorlary Wepa Ýazberdiýewiň, Welmyrat Hojamyradowyň, Süleýman Jumagylyjowyň hem-de Resul Myratdurdyýewiň awtordaşlygynda ýazyldy. Kitap uşunyň möhüm düzgünlerini, türgenleşikleri geçirmegiň usullaryny, maşklary ýerine ýetirmegiň yzygiderliligini hem-de sportuň şu görnüşi bilen netijeli meşgullanmak üçin beýleki peýdaly maglumatlary giňişleýin öwrenmäge kömek eder.