Ï Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy ITEC maksatnamasynyň çäklerinde Hindistanda hünär derejesini ýokarlandyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy ITEC maksatnamasynyň çäklerinde Hindistanda hünär derejesini ýokarlandyrýar

view-icon 2292
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy ITEC maksatnamasynyň çäklerinde Hindistanda hünär derejesini ýokarlandyrýar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Kömek Kömekow 22-nji ýanwardan 18-nji fewral aralygynda Hindistanyň Çennai şäherinde mugallymlaryň ýöriteleşdirilen hünär derejesini ýokarlandyryş ylmy-barlaglar milli institutynda geçirilýän bilim boýunça okuw maslahatyna gatnaşýar.

Okuw maslahat Hindistanyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) çäklerinde guraldy hem-de «Tehniki we hünär bilimler ulgamyny dolandyrmak we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin okuwlar» diýen tema bagyşlandy.

Dünýäniň 25 ýurdundan ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň 30-syny bir ýere jemlän hünär ýokarlandyryş okuwy innowasion bilim maksatnamasy görnüşinde bolup, tehniki we hünär bilimi ulgamyny berkitmäge, adam mümkinçiligini ösdürmäge, häzirki zaman okuw maksatnamalaryny we serişdelerini işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Maksatnamanyň çäklerinde ITEC-iň hyzmatdaş ýurtlaryndan mugallymlar we hünärmenler Hindistanyň tehnologiýalar we ylymlar institutynda geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu institut ýurduň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Çäräniň dowamynda türkmen ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky ösüşlere, mümkinçiliklere hem-de durmuşa geçirilýän başlangyçlara bagyşlanan hasabat bilen çykyş etdi. Okuw maslahatyň netijeleri boýunça K.Kömekowa Hindistanyň Tehnologiýalar we ylymlar institutynyň rektorynyň şahadatnamasy we sowgady gowşuryldy.

Hindistanyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy (ITEC) 1964-nji ýylda girizilip, öňdebaryjy halkara bilim başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Maksatnama halkara derejesinde işgärleriň mümkinçiligini artdyrmaga, hyzmatdaş ýurtlardan bolan dalaşgärler üçin hünär taýýarlygyny guramaga gönükdirilen giň gerimli çäreleri özünde jemleýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ITEC bilen 2023-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň bäşisi hünär ýokarlandyryş okuwlaryny üstünlikli geçip, degişli şahadatnamalary aldylar. Maksatnama bilim derejelerini ýokarlandyrmaga, gymmatly tejribäni ösdürmäge ýardam edýär hem-de hünär taýdan derejäňi ýokarlandyrmak we ösmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.