Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda guralýan dürli derejeli dabaralar, maslahatlar, bäsleşikler, sergiler barha giň gerime eýe bolýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de «Hünärim bar-hormatym bar» diýen at bilen welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry baý mazmuna, egsilmez ruhy joşguna, aýratyn ähmiýete beslendi. Tikinçilik bilen yzygiderli meşgullanýan zenanlaryň arasynda geçirilen welaýat bäsleşigine onuň etrap-şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan gelin-gyzlar işjeň gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bellenilen wagt aralygynda gyzjagazlara köýnek biçmekde, tikmekde ezberliklerini görkezdiler. Şonuň ýaly-da nusgalyk biçüwdäki milli egin-eşiklerimizi göze gelüwli, owadan nagyşlar bilen bezemekde özleriniň hünär ussatlyklarynyň kämilleşýändigini subut etdiler.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Bäsleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli tikinçileri taýýarlan milli lybaslarynyň, nagyşlarynyň görkezilişinem guradylar. Şeýle-de taryhy eýýamyzda döredijilikli zähmet çekmäge, gurmaga döredip berýän ajaýyp şertleridir mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň nepis gymmatlyklar, şol sanda milli lybaslar, nagyşlar, tikin sungaty hakynda gürrüň beren rowaýatlary, aýdan goşgularydyr, gazallary hem täsirli boldy.
Bäsleşigiň jemleri boýunça welaýatyň Bereket etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gültäç Aşyrowa, şol etrapdaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Tylla Guljykowa, Bereket tikin kärhanasynyň
tikinçisi Aýjahan Amanowa üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýelediler. Olar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda onuň ýeňijilerine, şeýle-de ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan tikinçilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.