Ylmyň we bilimiň ösdürilmegi, ykdysadyýete ylmyň hem-de tehnologiýalaryň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ylmy-barlag mümkinçilikleriň artdyrylmagy, Watanymyzyň ylym we bilim ulgamynyň dünýä ösüşiniň derejesine çykarylmagy türkmen döwletiniň möhüm maksadydyr.
Ýurdumyz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýörelgesine ynamly eýerýär. Adaty bolmadyk pikirlenişe hem-de zerur bolan hünär başarnyklaryna eýe bolan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, uly ylmy mümkinçiligi we giň dünýägaraýyşy bolan hemmetaraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemek hemişe baş wezipe bolup çykyş edýär.
Türkmenistan ýaşlaryň ösmäge bolan ymtylmalaryna ýokary baha berýär, olaryň ylmy-barlag işlerini hemmetaraplaýyn goldaýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, olaryň dünýägaraýyşyny giňeltmek, ýaş zehinleriň ylmy we intellektual mümkinçiliklerini amala aşyrmak üçin ähli şertleri döredýär. Şonuň bilen birlikde hünär ugurly edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady durnukly pugtalanýar, olaryň işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.
Milli bilim we ylym ulgamyny özgertmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler öz miwesini berýär, ýokary netijeliligini hem-de öňde goýlan maksatlara yzygiderli ýetilýändigini görkezýär.
Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda aýdyldy. Mejlisde 2024-nji ýylyň jemlerine we ýurdumyzy 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljekki wezipelerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, geçen ýyl bilim ulgamynyň özgerdilmegi dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplar we gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. Mundan başga-da, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» tassyklanyldy.
2024-nji ýylda türkmen ýokary okuw mekdepleri öňdebaryjy halkara reýtingleriň sanawyna girizildi. Bu bolsa olaryň köptaraply we yhlasly işleriniň üstünlige beslenýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Ýurtda ylmy taslamalaryň bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlar, döwlet we halkara olimpiadalary ýokary derejede geçirildi.
Türkmen mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň abraýly halkara bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri ýurtda ylmyň we bilimiň okgunly ösdürilýändiginiň ýokary görkezijilerine öwrüldi. Şol bäsleşikleriň netijeleri boýunça dürli gymmatlykdaky medallaryň 1549-sy gazanyldy.
Geçen ýyl Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň netijeliligi ep-esli ýokarlandy, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň mejlisiniň barşynda çagalaryň döwrebap bilim almaklary, ýaş nesilleriň zehinlerini hem-de ukyplaryny açmak we ösdürmek üçin ýokary şertleri döretmek maksady bilen bilim edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Okuw meýilnamalaryň, maksatnamalaryň hem-de kitaplaryň halkara tejribesine laýyklykda täzelenilmegine, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmäge, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işleriň wajypdygy bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watanymyzy ylmy esasda depginli ösýän döwlete öwürmek maksady bilen ylmy-barlaglaryň mundan beýläk-de geçirilmelidigini we şunuň bilen baglylykda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmelidigini nygtady.