Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde – Köpetdagyň eteginde sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäherde milli binagärligiň iň gowy däpleri, şähergurluşyk hem-de dizaýn boýunça häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly birleşdirilýär. Şäherde ekologiýa we tebigaty goramak babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän giňişleýin düzümiň döredilendigi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Arkadag şäheriniň gurlup ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň ýokary görkezijisine öwrüldi. Şäheriň gurluşygynda ösen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy, jemgyýetçilik ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, onda ýaşyl zolaklaryň we sanly hyzmatlaryň döredilmegi ilat üçin amatly hem-de abadan durmuşy üpjün edýär. Arkadag şäheriniň açylan döwründe «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagy, 21 sany halkara baýraga eýe bolmagy hem bu iri şähergurluşyk taslamasynyň ähmiýetini açyp görkezýär. Geçen ýylda bolsa Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan “akylly” şäher» atly baş baýraga, «Daşary ýurt “akylly” şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly halkara baýraklara, şeýle hem Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde «akylly» şäher hökmünde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz bu şäheriň dünýäniň iň owadan, iň gözel, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda ägirt uly tagallalary edýär. Häzirki wagtda Arkadag şäheri ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi. Täze şäheriň gurluşygyň birinji tapgyrynda durmuş-medeni we beýleki dürli maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Häzirki wagtda keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň hem-de şähergurluşygynyň häzirki zaman meýilleriniň sazlaşykly utgaşýan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär. Şäheriň ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly desgalary, edara binalary iň kämil innowasion çözgütler bilen enjamlaşdyrylandyr. “Akylly öý” tehnologiýasy esasynda gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlary “akylly şäher” konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň esasy aýratynlygydyr. Ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ähli amatlyklar bilen bir hatarda, öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy ýola goýlandyr. Ol Internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň we howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň işini awtomatik we sazlaşykly üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini uzak aralykdan, smartfonuň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Täze şäherde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli Interneti ulanmaga mümkinçilik berýär.
Arkadag şäheriniň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen birlikde, medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, suw çüwdürimleriniň gurulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi täze şäheriň gurluşygynda ekologiýa talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň ýerleşen ýeriniň tebigy gözelligini saklap galmak maksady bilen, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanyldy. Raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin bagy-bossanlyga bürenen, milli ruhda bezelen seýilgäh toplumlary döredildi. Şäheriň belent binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp şaýollary, belent desgalary, gözel seýilgähleri türkmen halkynyň agzybirligini hem-de jebisligini, ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepalylygyny, röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda edýän aladalarynyň aýdyň netijesidir.
Ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şäher ─ Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynyň desgalary iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Şeýlelikde, ol özünde saglygy goraýyş maksatly birnäçe desgalary birleşdirýär. Şolaryň hatarynda köpugurly hassahana, Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bardyr. Şeýle ýokary derejeli saglyk merkezleriniň döredilmegi diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna itergi bermän, eýsem, Türkmenistanyň sebitiň lukmançylyk merkezleriniň birine öwrülmegine ýardam edýär.
Şeýle hem Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça başlangyç durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kompaniýasy tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary üçin ekologik taýdan arassa, halkara hil görkezijilerine laýyk gelýän, ýerli çig mallardan lukmançylyk serişdeleri we önümleri öndürilýär. Ýakynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň binýadynyň döwrebap derejede berkidilýändiginiň, ulgamyň mümkinçilikleriniň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Arkadag şäheriniň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Hususan-da, şäheriň merkezi seýilgähindäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň – Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylyp, onuň “Arkadag Binasy” diýlip atlandyrylmagy türkmen sungatynyň, şähergurluşygynyň taryhynda täze sahypany açdy.
Arkadag şäheri milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolup, öňdebaryjy dünýä tejribesini we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň halkara derejesinde ykrarnama eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk ulgamynda öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň hem-de durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň aýdyň netijesidir.