Ï Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginde täze şäherçe gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginde täze şäherçe gurulýar

view-icon 4423
Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginde täze şäherçe gurulýar

Häzirki wagtda Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginde gurulýan döwrebap şäherçede döredijilik işi, rahat durmuş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler döredilýär. Täze şäherçäniň umumy meýdany 98 gektara barabar. Gurluşyk we gurnama işleri tamamlanandan soň, täze şäherçäniň ýaşaýyş jaý gory, iki gatly kottejleri-de goşmak bilen, dört ýüz jaýdan ybarat bolar.

Täze obada durmuşy, medeni we beýleki maksatlar üçin ähli zerur zatlar: ösen ulag we aragatnaşyk, inženerçilik we tehniki infrastruktura bolar. Jemgyýetçilik-medeni desgalarda 420 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdep we 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet öýi, aragatnaşyk merkezi, toý dabaralaryny geçirmek üçin ýarym gektar meýdanda ýerleşýän 500 adamlyk «Toý mekany», üsti ýapyk bazarly söwda merkezi, senagat harytlary we azyk dükanlary, ýangyn bekedi hem beýleki desgalar bar.

Täze ilatly ýere amatly girmek üçin, Hanýap kanalynyň we zeýkeşiň üstünden iki sany täze awtoulag köprüsi guruldy. Bu köprüleriň üstünde hereket günüň islendik wagtynda aňrybaş howpsuz we amatly bolar. Ulanylyşa berlenden soň, kömelek we limon ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýän täze ýyladyşhana oba ilatynyň iş üpjünçiligine ýardam eder.

Täze şäherçäniň gurluşygyna ýöriteleşdirilen hususy kärhanalaryň işjeň gatnaşýandygyny bellemelidiris.