Italýan dizaýnynyň gününe bagyşlanyp geçirilen Aşgabatdaky çäreleriň Italiýanyň Modenese Gastone Interiors Srl interýer dizaýn kompaniýasynyň wekili Leandro Skalko Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary üçin umumy sapak geçdi.
Italýan dizaýny duşuşygyň esasy temasy boldy. Myhman ýokary okuw mekdebiň talyplaryna alyp barýan işi we iş tejribesi barada gürrüň berdi.
Umumy sapagyň dowamynda Leandro Skalko talyplara özüniň dizaýnerçilik işleri baradaky wideo şekilleri görkezdi, dizaýnerçilik ussatlygynyň inçe syrlary bilen paýlaşdy hem-de bu ulgamda dünýädäki ýagdaýlara degişli meselelere üns berdi. Talyplar dizaýnerçilik kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bu hünär boýunça gyzyklandyrýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem çäräniň çäklerinde institutda Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari hem-de ilçihananyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelere ara alyp maslahatlaşyldy.
Daşary ýurtly myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna sapary mynasybetli ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen ylmy-barlag hem-de taslama işleriniň sergisi guraldy. Onda Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy boýunça teklipler hökmünde institutyň mugallymlarynyň taýýarlan çyzgylary görkezildi. Talyplar şäherçesiniň gurluşygynyň ýokary depginler bilen alnyp barylýandygy, onuň açylyşyna bolsa geljek ýylyň sentýabrynda garaşylýandygy bellenildi.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri institutda ekologiýa we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy, energetika, himiýa tehnologiýalar we täze önümleriň bäsdeşlige ukyply önümçiligi, gurluşyk, binagärlik, seýsmika, maglumat we sanly tehnologiýalar ýaly ýurt üçin ileri tutulýan ulgamlarda möhüm önümçilik wezipeleri çözmäge gönükdirilen ylmy-barlaglaryň geçirilişi barada gürrüň berdiler. Ylymy, bilimi we önümçiligi netijeli utgaşdyrmak maksady bilen 2024-nji ýylyň oktýabrynda institutda ylmy-tehniki IT-merkeziniň döredilendigi nygtaldy. Mugallymlaryň we talyplaryň birnäçe häzirki zaman taslama işleri iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Italiýanyň Wenesiýadaky Ka’Foskari uniwersiteti hem-de Milanyň politehniki uniwersiteti ýaly abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ylym we bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde işjeň we netijeli gatnaşyk edýändigini bellemek gerek.