Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzsmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hem-de Beýik Britaniýanyň Sent-Endrýus uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.
Türkmenistandan çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Britan tarapyndan duşuşyga professor Matteo Fumagalli we professor Filippo Kosta Buranelli, Sent-Endrýus uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary fakultetiniň halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň we Sent-Endrýus uniwersitetiniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Oňa gatnaşyjylar talyplar we mugallymlar üçin özara alyşmalar, bilelikdäki ylmy-barlaglar we neşirler, şeýle hem bilim başlangyçlaryny ösdürmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň hem-de halkara akademiki çärelere gatnaşmagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Duşuşygyň dowamynda bilim maksatnamalaryny, onlaýn okuwlary we ylmy-barlaglary işläp taýýarlamak baradaky meseleler maslahatlaşyldy. Türkmen alyp baryjylary ýurtda ýokary bilimi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de bu ulgamda ilkinji nobatdaky wezipeleri bellediler. Sent-Endrýus uniwersitetiniň wekilleri ikitaraplaýyn bilim we ylym başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Taraplar akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirdiler, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlediler hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça geljekki çäreleri bellediler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň bilimleri alyşmaga, ylmy kuwwaty ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam etjekdigini nygtadylar.