Ï ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Lebap welaýatyndaky Çaganyň irki ösüş merkezlerine baryp gördi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Lebap welaýatyndaky Çaganyň irki ösüş merkezlerine baryp gördi

view-icon 2557
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Lebap welaýatyndaky Çaganyň irki ösüş merkezlerine baryp gördi

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Lebap welaýatynyň Sakar etrabyndaky we Türkmenabat şäherindäki Çaganyň irki ösüş merkezlerine baryp gördi.

Tejribeli hünärmenleriň alyp barýan işleriniň netijesinde bu merkezler çaganyň irki döwürlerinde ösüş aýratynlyklaryny kesgitlemäge, ýöriteleşdirilen kömege elýeterliligi üpjün etmäge, şeýle hem soňky beden hem akyl taýdan ösüşi üçin berk binýat döretmäge kömek edýär.

Ömrüniň irki döwürlerinde görülýän çäreleriň çagalykda başdan geçirilen ýaramaz zatlaryň täsirini azaltmakdaky ähmiýetini barha köp subutnama görkezýär. Hyzmatlaryň täsirli bolmagy we garaşylýan netijeleri bermegi üçin, çagalaryň ösüşiniň dürli taraplaryny çözmek ugrunda bilelikde işlemek üçin, olar ähli pudaklarda netijeli berilmelidir. 

Bu nukdaýnazardan, enäniň saglygyny, göwrelilik döwründe-de üpjün etmek möhümdir. Çaganyň irki ösüşi oňyn ene-atalyk endiklerini edinmezden, mümkin däldir.