Ï Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli mekdep okuwçylary üçin bäsleşik geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli mekdep okuwçylary üçin bäsleşik geçirilýär

view-icon 6116
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli mekdep okuwçylary üçin bäsleşik geçirilýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy goşgy hem-de makala ýazmak boýunça Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirýär.

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän bu bäsleşik «Külli ynsan hakyna belent maksat tutany – Türkmenistan – parahatlyk, ynanyşmak Watany!» adyny göterýär.

Onuň maksady ýaş nesliň zehinli wekillerini kesgitlemekdir.

Gyzyklanýan adamlar ozal metbugatda çap edilmedik goşgudyr makalalaryny taýýarlap, 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli «Güneş» žurnalynyň gunesh tm@sanly.tm ýa-da Türkmen döwlet uniwersitetiniň turkmenuniwersitetitdu@gmail.com elektron salgysyna iberip bilerler. Dalaşgär, şeýle hem okaýan mekdebiniň belgisini, synpyny, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, öý we ýan telefon belgilerini görkezmelidir.

Ýeňijileriň atlary maý aýynyň başynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň saýtynda ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň eminleri işlere olarda maglumatyň takyk we aýdyň beýanyna, çeperçilik serişdeleriniň dogry ulanylyşy, tekstiň grammatik we stilistik ýagdaýyna, şeýle hem awtoryň pikirlerini beýan edişi boýunça baha bererler. Ýeňijilere gymmatly baýraklar we Hormat hatlary gowşurylar.