Türkmenistanyň bilim pudagynyň hünärmenleri mekdep okuwçylarynyň arasynda howanyň üýtgemegi barada bilim bermek we habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça «Howa gutusy» taslamasynyň çäginde sebitleýin webinara gatnaşdy.
Bu çäre sanly gurallary ulanmak bilen, okuwçylaryň howa dahylly bilimini goldamaga gönükdirilen onlaýn maslahatlaryň birnäçesini açdy. Maslahata gatnaşanlar mekdep okuwçylary we mugallymlary üçin täze ýaryşlary we taslamanyň çäginde beýleki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
«Howa gutusy» mekdep okuwçylary üçin okuw gollanmalary we köp sowallary öz içine alýan okuw kitabyndan, aýry-aýry şahsyýetlerden we toparlar üçin tabşyryklardan, şeýle hem gurallary ulanmak boýunça mugallymlar üçin görkezmelerden ybaratdyr. Ol, şeýle hem howa boýunça «Kim bilmeşek» oýnuny, ýagny oýunlaryň toplumyny, howanyň üýtgemeginiň tebigat we adamzat üçin bolup biljek netijelerini görkezýän diwarlygy öz içine alýar. «Howa gutusynyň» üstünde uly awtorlar topary işledi. Bu topar howaşynaslyk, geografiýa, biologiýa we ykdysadyýet ugurlary boýunça öňdebaryjy hünärmenlerden, şeýle hem çagalar üçin kitaplaryň hünäri awtorlaryndan ybarat boldy.
Tejribeli mekdep mugallymlary, bu gurallary sapakda ulanmak boýunça özleri üçin görkezmeleri işläp düzmäge kömek etmek bilen, taslama bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular.