Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda baýramçylyk breýn-ringi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda baýramçylyk breýn-ringi geçirildi

view-icon 2595
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda baýramçylyk breýn-ringi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýyla – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan breýn-ring geçirildi.

Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar toparlary gatnaşdylar.

Intellektual bäsleşikde ýaşlaryň toparlary eminlere özleriniň köptaraply bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny aýratyn işjeňlik bilen görkezdiler.

Bäsleşigiň ýeňijisi diýlip, geljekki diplomatlaryň topary – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary yglan edildi. Olar bäsleşigiň jemleri boýunça oňa gatnaşanlaryň arasynda iň oňat netijeleri görkezdiler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary ikinji ýer aldy. Üçünji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary eýeledi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrak eýelerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň geçirilmegi syýasat we diplomatiýa ulgamynda talyplaryň bilimlerini berkitmäge we giňeltmäge, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem ýaşlaryň arasynda esasynda parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we ynsanperwerlik duran türkmen diplomatiýasynyň ýörelgelerini wagyz etmäge ýardam berdi.